Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç ýakyn wagtda ýurduň Premýer-ministri Miloş Wuçewiçiň işinden çekilmeginden ýa-da parlamentiň nobatdan daşary saýlawlaryndan soň täze hökümet gurmak barada kararyň kabul ediljekdigini aýtdy.
“Miloş Wuçewiç işinden çekildi, indi iş tertibi şeýle: birinjiden, onuň işinden çekilmegi parlamentde bellige alynmaly. Premýer-ministr Wuçewiçiň işinden çekilmegi resmi taýdan tassyklanandan soň 30 günlük möhlet başlar. Bu döwürde ähli proseduralara gözegçilik edilip, täze hökümet döredilmeli. Eger-de 30 günüň içinde döredilmese saýlawlar awtomatik ýagdaýda yglan ediler – diýip döwlet Baştutany aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, Wuçiç bu ýagdaýyň islendigine taýýardygyny aýtdy.
Düýn Serbiýanyň Premýer-ministri Miloş Wuçewiç gyssagly metbugat ýygnagyny geçirip, işinden çekilýändigini habar berdi.