Russiýanyň Moskwa oblastynyň federal ähmiýetli esasy 4 aeroportynyň biri “Şeremetowo” halkara howa menzili ýylyň jemini jemläp, uçuşlary wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly awiakompaniýalaryň sanawyny yglan etdi. Howa menzili bu sanawy uçuşlaryň öz wagtynda ýerine ýetirijilik we gatnaw ýygylygyna esaslanyp düzdi.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy “Şeremetowo” halkara howa menzilinde 300-den gowrak gonuş amalyny ýerine ýetirip, uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly ikinji ýük awiakompaniýasy boldy. Birinji orunda “Air China Cargo” üçünji orunda hem “Uzbekistan Airways” awiakompaniýalary bar.
“Şeremetowo” halkara howa menzili işewürlik maksatly awiakompaniýalaryň işi üçin hem-de täze hyzmatdaşlary çekmek üçin amatly şertleri döretdi. Ol Russiýanyň howa menzilleriniň arasynda ilkinji bolup, howa menzilini toplumlaýyn dolandyrmak üçin özboluşly “Sanly ekosistemany” we awiakompaniýalar bilen bilelikdäki karar kabul etmegiň netijeli ulgamyny döretdi. Bu ulgamlar hyzmatlary dessin ýerine ýetirmäge hem-de hyzmatdaş awiakompaniýalar bilen işleri ygtybarly dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Şu ýyl “Şeremetowo” halkara howa menzili halkara uçuş ugurlarynyň sanyny 159-a ýetirip, hyzmat ediş gerimini has-da giňeltdi. (Çeşme : tca.gov.tm).