Tomus paslynyň gelmegi bilen yzygiderli işledilýän öý enjamlarynyň biri hem serginledijidir. Eýsem, howanyň yssy günleri öýleri, iş otaglaryny sowadyp, jana rahatlyk berýän bu enjamy yzygiderli işletmek dogrumy?!
Hünärmenleriň bellemegine görä, serginledijiniň yzygiderli işledilmegi, ýagny howany dowamly çyglandyryp durmagy saglyk üçin zyýanly hasaplanýar. Serginledijiniň çygly howasy legionella atly bakteriýalaryň döremegine sebäp bolýar. Bu enjamyň yzygiderli ulanylmagy myşsa agyrylarynyň, kellagyrynyň döremegine getirýär. Serginledijiniň öňünde köp oturýan adamlarda dem alyş ulgamy, şeýle hem göz bilen baglanyşykly käbir alamatlar ýüze çykyp biler. Şol sebäpli bu enjamy her 3 sagatdan öçürip, howany çalyşmak arkaly gaýtadan işletmek maslahat berilýär. Şeýle hem hünärmenler serginledijiniň sowadyjylyk derejesini 22 gradusdan pesde goýmagy maslahat bermeýärler. Mümkin boldugyça serginledijini otag gurşawyna, maşgala agzalaryň ýa-da işdeşleriň saglyk ýagdaýyna görä sazlamaly.
Serginledijiniň taryhyndan
Şu ýyl bu enjamyň oýlanyp tapylanyna 123 ýyl dolýar. Amerikan inženeri Uillis Kerriýer ilkinji bolup serginledijini oýlap tapýar. Ol 1902-nji ýylda kiçiräk sowadyjy ulgamyny döredýär. 1906-njy ýylda oýlap tapan enjamyna patent alýar. Bu enjamy kämilleşdirmek esasynda 1913-nji ýylda kiçiräk otagy sowadyp bilýän serginledijini işläp düzýär. 1915-nji ýylda «Carrier Engineering» kompaniýasyny esaslandyran Uillis Kerrier 1926-njy ýylda öý serginledijileriniň häzirkilere meňzeş täze görnüşini işläp düzýär. Şondan soň öýlerdir iş edaralarynda yssy howada otaglary sowatmak üçin serginledijiler ulanylyp başlanýar. Serginledijileriň önümçiligine giňden başlanmagy bilen köp adamly ýerler – teatrlar, kino meýdançalar, söwda merkezleri bu enjam bilen üpjün edilýär.