Ispaniýanyň çempionatynda “Real Madrid” 1 hepdelik arakesmeden soň ýene-de liderlige gaýdyp geldi. Öz meýdançasynda “Wilýarrealy” Winisius Junioryň (47, 69 p) hem Kilian Mbappeniň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňen “Real Madrid” topary 1-nji orna beýgeldi.
8-nji tapgyra liderlikde başlan “Barselona” myhmançylykda “Sewilýadan” 4-1 hasabynda asgyn geldi. Aleksis Sançesiň 13-nji minutda penalti goly bilen öňe geçen andalusiýalylar 36-njy minutda Romeronyň goly esasynda hasaby 2-ä çykardylar. 1-nji ýarymyň ahyrynda Reşfordyň goly bilen aratapawudy 1 gola düşüren katalonlara 76-njy minutda hasaby deňlemäge mümkinçilik boldy. Ýöne Lewandowskiniň uran penaltisi sowa geçdi. Oýnuň 90-njy minutynda Karmona, 90+6-njy minutynda-da Adams tapawutlanyp, “Sewilýa” güýçli garşydaşyny 10 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňlişe sezewar etdi. Bu “Barselonanyň” şu möwsümdäki ilkinji ýeňlişidir.
Myhmançylykda “Selta” bilen duşuşan “Atletiko” şu möwsümde 4-nji gezek deňme-deň oýnady. Madridlileriň fransuz goragçysy Lengle 40-njy minutda gyzyl kart aldy.
“Alawesden” 3-1 hasabynda asgyn gelen “Elçe” şu möwsümde ilkinji gezek utuldy.
8-nji tapgyrdan soň, “La Ligada” ýeňlişsiz topar galmady.
8-nji tapgyryň netijeleri:
Osasuna – Hetafe: 2-1 (Bretones 45+3, Katena 90 – Maýoral 23),
Owiedo – Lewante: 0-2 (Alwares 30, Eýong 72),
Žirona – Walensiýa: 2-1 (Wanat 18, Martines 63 – Diego Lopes 57),
Atletik – Malýorka: 2-1 (Iniaki Williams 9 p, Rego 82 – Samu Koşta 77),
Real Madrid – Wilýarreal: 3-1 (Winisius 47, 69 p, Mbappe 81 – Mikautadze 73),
Alawes – Elçe: 3-1 (Wisente 76 p, Martines 81, Boýe 90+5 – Andre Silwa 90+3),
Sewilýa – Barselona: 4-1 (Sançes 13 p, Romero 36, Karmona 90, Adams 90+6 – Reşford 45+7),
Real Sosiedad – Raýo Wallekano: 0-1 (Espino 84),
Espanýol – Betis: 1-2 (Losano 15 – Kuço Hernandes 54, Ezzalzuli 63),
Selta – Atletiko: 1-1 (Ýago Aspas 68 – Starfelt 6 ö.d.)