Ýylyň her pas­lyn­da dür­li mi­we­dir gök önüm­le­riň ha­syl ber­şi ýa­ly, te­bi­gy we ho­wa şert­le­ri­ne gö­rä, Ýer ýü­zü­niň dür­li ýer­lerin­de dür­li hi­li jan­dar­lar we ösüm­lik­ler bar. Ola­ryň kä­bi­ri­ni he­mi­şe di­ýen ýa­ly gör­ýän bol­sak, kä­bi­ri­ni di­ňe haý­wa­nat ba­gyn­da ýa-da bo­ta­ni­ka ba­gyn­da gör­mek bol­ýar. Kä­bir ösüm­lik­dir jan­dar­lar ba­ra­da bol­sa, eşi­de­nem däl bol­ma­gy­myz müm­kin. Se­bä­bi Ýer ýü­zün­dä­ki ösüm­lik­le­riň we jan­dar­la­ryň gör­nü­şi sa­nar­dan has kän. Şu sa­ny­myzda kö­pimi­ze mä­lim bol­ma­dyk ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­me­gi mü­wes­sa bil­dik.

«Çö­rek aga­jy»: bu ösüm­li­ge la­tyn­ça «ar­tocar­pus incisa non se­mi­ni­fe­ra» di­ýil­ýär. Bu ösüm­lik ýu­waş um­ma­ny­nyň ke­nar­la­ryn­da­ky tro­pik se­bit­ler­de bit­ýär. Em­ma Azi­ýa­nyň Sun­da ada­la­ryn­da has köp ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Go­şa-go­şa­dan düw­ýän mi­we­le­ri­niň dia­met­ri 10-17,5 san­ti­metr ara­ly­gyn­da, ag­ra­my 1,5 kilogram bol­ýar. Onuň ýap­rak­la­ry­nyň ulu­ly­gy 25-50 san­ti­met­re ba­ra­bar. Aga­jyň bo­ýy 20 met­re çen­li bo­lup, ýy­lyň äh­li pas­lyn­da mi­we ber­ýär. Bu agaç kö­kün­den gö­ge­rip çyk­ýan na­hal­lar ar­ka­ly kö­pel­dil­ýär. Mes top­ra­gy ha­la­ýan aga­jyň mi­we­si­niň dü­zü­mi­niň 25 gö­teri­mi krah­mal­dan yba­rat­dyr. Şol se­bäp­li onuň mi­we­si iý­mit hök­mün­de giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Ol gaý­na­dy­lyp iýil­ýär. Şeý­le hem mi­we­si üwe­lip on­dan çö­rek bi­şi­ril­ýär. Tä­ze bi­şi­ri­len çö­re­giň ysy edil ada­ty bug­daý çö­re­gi­ne meň­zeş bo­lan­soň, oňa şeý­le at ber­lip­dir. Agaç sü­tü­ni ga­ýyk ýa­sa­lan­da, ga­by­gy dok­ma pu­da­gyn­da peý­da­la­nyl­ýar.
«Süýt aga­jy»: oňa la­tyn­ça «eup­hor­bia tri­go­na» di­ýil­ýär. Ösüm­li­giň 2160 gör­nü­şi bar. Kak­tu­sa ça­lym­daş bo­lan aga­jyň öý şert­le­rin­de gül hök­mün­de ekil­ýän gör­nüş­le­ri hem bar. Ýap­ra­gy­ny dil­seň, süýt ýa­ly su­wuk­lyk çyk­ýar. Bu aý­ra­tyn­lyk kak­tu­syň hiç bir gör­nü­şin­de ýok. Çöl­de ýe­tiş­ýän kak­tus­lar aşa so­wu­ga çy­dam­ly­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, bu ösüm­lik so­wu­ga çy­da­ma­ýar. On­dan alyn­ýan su­wuk­lyk ma­lyň süý­dün­den has peý­da­ly ha­sap­lan­ýar.
«Li­mo­nad aga­jy»: few­ral aýyn­da gül aç­ýan bu agaç edil li­mo­na­dyň­ky ýa­ly ta­ga­my bo­lan mi­we ber­ýär. Sit­ru­syň bir gör­nü­şi bo­lan bu aga­jyň mi­we­si­ni li­mon­dan ta­pa­wut­lan­dyr­mak aň­sat däl. Onuň mi­we­si­niň tur­şu­ly­gy beý­le­ki sit­rus önüm­le­ri­niň­ki­den az. Bu agajyň mi­we­si örän lez­zet­li bo­lup, içim­lik taý­ýar­la­nan­da şe­ker goş­mak hök­man däl. Şol se­bäp­li azyk se­na­ga­tyn­da giň­den ula­nyl­ýar.
«Gaý­mak aga­jy»: Ame­ri­ka­da we Hin­dis­tan­da ýe­tiş­ýän aga­jyň (la­tyn­ça­sy: «fei­joa») mi­we­le­ri­niň ta­ga­my we dykyz­ly­gy gaý­ma­gy ýa­dy­ňa sal­ýar. Üs­te­si­ne, bu mi­we­ler ys­sy ho­wa şert­le­rin­de-de bir­nä­çe aý­lap za­ýa­lan­man sak­lan­ýar.