31-nji awgustda Hytaýyň port şäheri Týanszinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammiti öz işine başlady. Şu gün öz işini tamamlaýan sammite dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan döwlet we hökümet ýolbaşçysy gatnaşýar. Bu maslahat döredilen gününden bäri iň uly maslahat hasaplanýar. Hytaýyň Başlygy Si Szinpin sammitiň açylyş dabarasynda daşary ýurtly myhmanlara we dünýä liderlerine ýüzlenip, 2025-nji ýyldaky Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammiti, esasan, ylalaşygy üpjün etmäge, hyzmatdaşlyga itergi bermäge we ösüş meýilnamalaryny işläp düzmäge gönükdirilendigini aýtdy.
-ŞHG döredilen gününden bäri Şanhaý ruhuna ygrarly bolup, raýdaşlygy we özara ynamy berkitdi, amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrdy we halkara we sebit işlerine işjeň gatnaşdy. ŞHG halkara gatnaşyklarynyň täze görnüşini ösdürmekde we adamzat üçin umumy geljegi bolan jemgyýet gurmakda möhüm güýç hökmünde ýüze çykdy – diýip, Si Szinpin aýtdy. Si Szinpin häzirki sammitiň dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň fonunda geçirilýändigini belläp, çäräniň ýolbaşçylarynyň kynçylyklary ýeňip geçmek we ösüş çözgütlerini öňe sürmek üçin möhüm wezipeleriniň bardygyny aýtdy.
Şeýle hem, sammitiň çäklerinde ŞHG-ä girmeýän ýurtlaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen “ŞHG Plus” maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, global dolandyryşy gowulandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki wagtda 24 ýyl ozal döredilen 10 agzaly toparyň täsiri barha artýar. Hytaý, Russiýa we Hindistan ýaly esasy ýurtlary öz içine alýan ŞHG, dünýä ilatynyň ýarysyny we dünýä ykdysadyýetiniň dörtden bir bölegini emele getirýär.
Russiýa, Belarus, Hytaý, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan ŞHG-niň doly agzasy bolup durýar.