10-11-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Hytaýdaky medeniýet ýylynyň 2-nji tapgyryna bagyşlanan medeni çäreler geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň müdiriniň ýolbaşçylygyndaky sungat wekilleriniň topary, Şansi welaýat medeniýet merkeziniň teatrynda geçirilen çärelere aýdym-saz çykyşlar bilen gatnaşmak üçin Sian şäherinde boldy.
Dabara Şansi welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatorynyň orunbasary Sýu Minfeý, Şansi welaýat Medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň müdiri Gao Ýan, Şansi welaýat departamentleriniň wekilleri, Sianda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, şeýle hem Sianda bilim alýan talyplar gatnaşdylar.
Medeniýet ýylynyň 2-nji tapgyryna bagyşlanan çäreler Türkmenistanyň taryhyny, döwrebaplygyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, ykdysady ösüşini, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň gözelligini açyp görkezýän surat sergisi bilen utgaşdy.
Konsert Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde «Türkmen ilinden salam» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Onuň dowamynda «Ýaşasyn parahat durmuş» atly hytaý dilindäki aýdym ýerine ýetirildi.
Konserdiň çäklerinde iki ýurduň folklor çykyşlary bilen utgaşdyrylan halk aýdymlary ýerine ýetirildi.
Çäräniň ahyrynda ähli gatnaşyjylar bilelikde «Parahatlyk bagty Sizde Milli Lider Gahryman Arkadagymyz» aýdymy ýerine ýetirdiler.
Hytaýda 500-e golaý myhmanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň 2-nji tapgyrynyň çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegi medeniýet pudagynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalanmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.