Sintetik ýangyç öndürýän desga açyldy

120

Kuwwatly ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Porsche” kompaniýasy Çilidäki zawodynda adaty ýangyçlaryň alternatiwasy bolup biljek sintetik ýangyç önümçiligine başlady. Ýel energiýasy bilen öndürilýän bu ýangyç adaty benzinli motorlaryň howany zaýalamazdan işlemegini üpjün edýär. Häzirki wagtda awtoulag öndürijileri elektroulag öndürmekde öz aralarynda bäsdeşlik edýärler. Şeýle-de bolsa, ulaglaryň diňe elektrik däl, başga energiýa çeşmeleri bilen işlemegi üçin hem taslamalar durmuşa geçirilýär. “Porsche”-niň “eFuels” atly ýangyjy suwdan alynýan wodorod hem-de kömürturşy gazyndan öndürilýär. Bu ýangyçdan peýdalanýan hereketlendirijiler örän az tüsse çykarýarlar. Kompaniýanyň wekili Mihael Steýner bu ýangyjyň mümkinçiliginiň uludygyny, häzirki wagtda Ýer ýüzünde içinden otlanýan motorly 1,3 milliarddan gowrak ulagyň barydygyny, olaryň köpüsiniň ýene-de onlarça ýyl ýol hereketinden boljakdygyna ünsi çekýär. Onuň sözlerine görä ýangyjyň bu görnüşi şeýle ulaglaryň eýelerine has arassa alternatiwa hödürleýär.

Kompaniýanyň bu ýangyjy öndürmek üçin Çilini saýlamagy bolsa, bu ýerde ýylyň ortaça 270 gününde yzygiderli ýeliň öwüsmegi bilen baglydyr. Desganyň açylyşynda bu ýerde öndürilen ýangyç “Porsche 911” ulagyna guýuldy.

Ogulbäbek Mededowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiyalar we informatika institutynyň talyby.