Türkmenistan sirk sungatynyň meşhur wekilleriniň Watanydyr. Ýurdumyzda sirk sungatynyň rowaçlanmagyna uly goşant goşan ussatlaryň hatarynda Döwlet Hojabaýewiň hyzmaty aýratyn bellärliklidir. Ol 1929-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gyzylergenek obasynda dünýä inip, 1933-1936-njy ýyllar aralygynda Daşogzuň, Baýramalynyň we Aşgabadyň çagalar öýünde terbiýelenýär. 1937-1946-njy ýyllar aralygynda paýtagtymyzyň sazçylyk mekdebinde okaýar. Bu bilim ojagynyň gurnaklarynda geçirilen atly gezelençler, ýörişler, çapyşyklar ýaşajyk Döwlediň bu ugra yhlasynyň artmagyna uly badalga berýär. Ol sirk sungatynyň inçe syrlaryny, bedewleri saz gurallary arkaly sirk sahna oýunlaryna taýýarlamagyň usullaryny öwrenýär. Şeýlelikde, 1945-nji ýylda paýtagtymyzyň döwlet sirk sahnasynda «Türkmen jigitleri» toparynyň düzüminde çykyş etmek üçin 50 sany oglanyň içinden saýlanyp alynýar we at üstündäki oýunlary, böküşleri, maşklary, aýlawly hereketleri, tanslary ýekelikde we jübütleýin ýerine ýetirmekde iň ezber, berdaşly we çalasyn türgen hökmünde ykrar edilýär. Ol 1946-1952-nji ýyllar aralygynda «Türkmen jigitleri» atly toparynyň düzüminde ilkinji milli hünärmen hökmünde uly üstünlikleri gazanýar.
Döwlet Hojabaýew 1953-1955-nji ýyllar aralygynda Moskwada S.M.Budýonnyý adyndaky serkerdeleri taýýarlaýan Ýokary Harby polkda harby gulluk borjuny berjaý edýän döwründe hem atlary – gulluk bedewlerini ösdürip ýetişdirmeklige we idetmeklige uly üns berýär. 1956-njy ýylda ol «Türkmen jigitleri» toparynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenip, toparyň atçylyk sungaty bilen bagly işini, ähli çykyşlaryny üç ugur – milli sazlaryň utgaşyklygynda türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda türkmen jigitleriniň düzüminde görkezmek arkaly alyp barýar. 1957-nji ýylyň 28-nji iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda Moskwada Ýaşlaryň bütindünýä VI festiwaly we halkara karnawaly geçirilýär. Ýer ýüzüniň ilatynyň ýaş nesilleriniň ykbalyna bagyşlanan, «Parahatçylyk we dostluk üçin» atly şygar astynda geçirilen ählumumy sungat baýramçylygyna dünýäniň 131 döwletinden 33000-den gowrak wekil gatnaşýar. Halkara sungat baýramçylygynyň sahnasynyň açylyş dabarasynda Döwlet Hojabaýewiň ýolbaşçylygyndaky milli lybasly «Türkmen jigitleri» atly toparyň watansöýüjiligi, mertligi, gaýduwsyzlygy wasp edýän joşgunly çykyşlary bütindünýä tomaşaçylaryny haýran galdyrýar. Milli sirk sungatynda täze çeperçilik mekdebi bolan atçylyk senediniň çykyşlaryny, däplerini dabaralandyrmaga işjeň gatnaşan Döwlet Hojabaýewiň ýolbaşçylygyndaky «Türkmen jigitleri» atly topara 1965-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan topary» diýen hormatly at berilýär. Ol sirk sungatynda halkara derejesinde ençeme gezek sylaglanan, sirk sungatyny esaslandyrmaga uly goşant goşan görnükli wekilleriň Annadurdy, Baýram, Batyr, Erkli, Laura Annaýewleriň, Artyk Çakanowyň, Pygy Baýramdurdyýewiň, Narly Kerimowyň, Arslan Annamyradowyň, Nesipjan Goçakowyň, Halyk Köşiliýewiň, Aýdogdy Kerkiýewiň, Sona Berdiýewanyň, Orazmuhammet Galkanowyň we olaryň nesil dowamatynyň bedewler bilen arzylanmagynda uly hyzmatlary bitirdi. Ol «Uzakdaky gelinlik», «Söýgülimiň ýaglygy», «Serhetdäki gozgalaň», «Aziýanyň ýaňy», «Sirk ýigitleri» atly çeper filmlerde hem türkmen bedewleri bilen baş keşpleri ýerine ýetirmekde meşhurlyk gazanýar. Ýer ýüzüniň 41 döwletiniň 59 şäherinde döredijilik saparlarynda, bäsleşiklerinde, ýaryşlarynda bolup, türkmen bedewleriniň sirk sungatyndaky şöhratyny arşa galdyrdy.
Halkara derejesinde çekýän zähmetine ýokary baha berlip, köpleriň alkyşyny alan halypa 2019-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda aradan çykýar. Milli sirk sungatynda ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny kemala getirmekde, ösdürmekde we kämilleşdirmekde, atyň üstünde täsin, özüneçekiji, akrobatiki we teatral sahnalary guramakda, behişdi türkmen bedewleriniň şöhradyny dünýä ýaýmakda, kino sungatynda atlar bilen bagly sahnalary ussatlarça ýerine ýetirmekde gazanan ýeňişleri, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmeti üçin 1957-nji ýylda oňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1962-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti», 1985-nji ýylda «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar, Russiýa Federasiýasynyň «Zähmet edermenligi» medaly, «Hormat» ordeni we başga-da birnäçe döwlet sylaglary bilen sylaglanýar.
Nesillerde watançylyk duýgularynyň terbiýelenmegine, ýaşlarda kämil ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine, türkmen halkynyň guwanjy bolan bedewlerimiziň şöhratyny artdyrmaga uly goşant goşan halypalaryň, seýisçilik sungatynyň ussatlarynyň nusgalyk mekdebiniň gymmatlyklaryny öwrenmäge hemme mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun.
Dädebaý Pälwanow,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
PDF









