Sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýet hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy ösü­şin­de mö­hüm orun eýe­le­ýän tä­ze­çe dü­şün­je­dir. Bu yk­dy­sa­dy mo­de­liň esa­sy mak­sa­dy se­riş­de­le­re we önüm­le­re «gaý­ta­dan ula­nyş» ýo­lu­ny aç­mak­dyr. Ada­ty yk­dy­sa­dy­ýet «al – ön­dür – ulan» ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­sa, sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýet «al – peý­da­lan – gaý­ta­dan iş­läp ulan» di­ýen ýö­rel­ge­de iş­le­ýär. Şeý­le­lik­de, te­bi­ga­ta goý­be­ril­ýän zy­ňyn­dy­la­ry azalt­mak, tyg­şyt­ly önüm­çi­lik gur­mak we eko­lo­gi­ýa dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek müm­kin bol­ýar.
Sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýet­de önü­miň öm­ri di­ňe sa­tuw bi­len ta­mam­lan­ma­ýar. Önüm ula­ny­lan­dan soň onuň gaý­ta­dan ula­nyl­ma­gy, bö­lek­le­ri­niň tä­ze­den iş­len­me­gi ýa-da tä­ze ha­ryt­la­ryň dü­zü­min­de peý­da­la­nyl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. My­sal üçin, plas­tik gap­la­ry gaý­ta­dan iş­läp tä­ze önüm ön­dür­mek ýa-da ula­ny­lan elektron en­jam­la­ry­nyň gym­mat­ly me­tal bö­lek­le­ri­ni çy­ka­ryp ulan­mak sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýe­tiň üs­tün­lik­li my­sal­la­ry­dyr.
Bu ul­gam di­ňe eko­lo­gi­ýa taý­dan peý­da­ly bol­man, yk­dy­sa­dy taý­dan hem bäh­bit­li­dir. Se­bä­bi çig mal tyg­şyt­la­nyl­ýar, tä­ze iş müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dil­ýär we in­no­wa­si­ýa esas­ly kär­ha­na­la­ryň sa­ny art­ýar. Şeý­le­lik­de, sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýete dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň esa­sy gu­ral­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ga­ra­l­ýar.
Ne­ti­je­de, sir­kul­ýar yk­dy­sa­dy­ýet di­ňe bir yk­dy­sa­dy ösü­şi däl, eý­sem, jem­gy­ýe­tiň we te­bi­ga­tyň ara­syn­da saz­la­şy­gy üp­jün ed­ýän tä­ze ugur­dyr. Bu mo­de­liň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy gel­jek ne­sil­ler üçin aras­sa gur­şa­wy we yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Baýdurdy Geldiýew,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.