Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Liwerpul” myhmançylykda “Brentfordy” Darwin Nunýesiň 90-njy minutdan soň geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda utdy. Bu “Liwerpulyň” taryhyndaky 6000-nji duşuşyk hökmünde hasaba alyndy.
“Nýukasl” öz meýdançasynda “Bornmutdan” 4-1 hasabynda asgyn geldi. Myhman toparyň gollarynyň 3-sini Jastin Kluiwert geçirip, ol şu möwsümde 2-nji gezek het-trik etmegi başardy. Londonda “Aston Willany” kabul edip, 2-0 hasabynda öňe geçen “Arsenal” oýnuň ahyrynda meýdançany 1 utuk bilen terk etmeli boldy. Soňky çempion “Mançester Siti” myhmançylykda “Ipswiç Tawnyň” derwezesinden jogapsyz 6 gol geçirdi. Gollaryň 2-sini Fil Foden, beýlekileri-de Kowaçiç, Doku, Holann hem-de Makeýti öz atlaryna ýazdyrdylar.
Taryhyndaky iň şowsuz möwsümleriň birini başdan geçirýän “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynd “Braýtondan” 3-1 hasabynda ýeňildi. Karýerasyndaky 57-nji penaltisini geçiren Bruno Fernandeşiň goluna garşylyk “Braýtondan” Minteh, Mitoma hem-de Rütter jogap berdi. Çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan “Nottingam Forest” öz meýdançasynda “Southemptony” 3-2 hasabynda ýeňdi. Şol hasap bilen “Ewerton” hem “Tottenhamdan” üstün çykdy. “Tottenham” soňky 6 duşuşygynda 5-nji gezek ýeňildi.
Nýukasl – Bornmut: 1-4 (Gimaraýns – Kluiwert 6, 44, 90+2, Kerkez 90+6),
Brentford – Liwerpul: 0-2 (Nunýes 90+1, 90+3),
Lester – Fulham: 0-2 (Smit-Row 48, Traore 68),
West Ham – K. Palas: 0-2 (Mateta 48, 89 p),
Arsenal – A. Willa: 2-2 (Martinelli 35, Hawerts 55 – Tilemans 60, Wotkins 68),
Ewerton – Tottenham: 3-2 (Kalwert-Lýuwin 13, Ndiaý 30, Greý 45+7 ö.d. – Kulusewski 77, Rişarlison 90+2),
Man. Ýunaýted – Braýton: 1-3 (Bruno Fernandeş 23 p – Minteh 5, Mitoma 60, Rütter 76),
N. Forest – Southempton: 3-2 (Anderson 11, Hadson-Odoi 28, Wud 41 – Bednarek 60, Onuaçu 90+2),
Ipsiwç – Man. Siti: 0-6 (Foden 27, 42, Kowaçiç 30, Doku 49, Holann 57, Makeýti 69),
Çelsi – Wulwerhempton (şu gije)