Reňkler durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, daş-töweregimizi dürli-dürli reňkler gurşap alýar. Alymlar dünýäde 10 million töweregi reňkiň bardygyny çaklaýarlar. Her kim dünýäni başgaça göz bilen görýär. Şol sebäpli reňkleri saýgarmagyň hem çägi ýok. Fizikada jisim bilen ýagtylygyň özara gatnaşygy netijesinde reňkiň ýüze çykýandygy düşündirilýär. Reňki görmek we saýgarmak üçin ýagtylyk zerur.
Reňkler durmuşymyz we ruhy dünýämiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Her bir adamyň öz halaýan reňki bar. Geýýän egin-eşigimiziň, ýatýan otagymyzyň, ulanýan enjamlarymyzyň reňkinden başlap, tebigatdaky ähli öwüşgin bize öz täsirini ýetirýär. Alymlar reňkleriň adam aňyna täsir edýändigini tassyklaýarlar. Reňkler adam duýgularyny beýan etmek bilen bir hatarda, psihologik aýratynlyklara düşünmäge hem ýardam edýär. Megerem, reňkler, olaryň manysy, daş-töwerege täsiri barada öwrenmek hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.
Ak. Arassalygy, dostlugy we päk ýürekliligi alamatlandyrýan bu reňki erkinligi hem-de asudalygy halaýan adamlar saýlaýarlar. Ak reňk dowamlylygy we durnuklylygy aňladýar. Ilkinji tanyşlykda ýa-da iş söhbetdeşliginde ak egin-eşik geýmek täze başlangyçlara ýol açýar.
Ýaşyl. Tebigaty ýadyňa salýan bu reňk rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, özüňe bolan ynamy güýçlendirýär. Ýaşyl reňkiň köşeşdiriji we rahatlandyryjy häsiýete eýedigi sebäpli, lukmançylyk edaralary içki diwarlaryny ýaşylymtyl reňkleýärler. Ýaşyl reňki, esasan, rahatlygy gowy görýän tebigaty söýüjiler halaýarlar. Ylmy barlaglara görä, uzak wagtlap ýaşyl reňke seredip duranyňdan soň, beýleki reňkleri bada-bat saýgaryp bolmaýar. Ýaşyl reňki parahatçylygy gowy görýän, wepaly we ynamly adamlar saýlaýarlar.
Gyzyl. Gan aýlanyşy çaltlandyrýan, işdäni açýan we güýçlüligi aňladýan bu reňk köplenç azyk harytlarynyň nyşanlarynda ulanylýar. Mysal üçin, meşhur brend «Coca Cola» gyzyl reňk bilen tanalýar. Gyzyl reňk tizligi we gujurlylygy hem aňladýar. Şol sebäpli, bu reňki işeňňir adamlar we ýaşlar köp ulanýarlar. Gyzyl reňki has uzakdan saýgaryp bolýandygy sebäpli, köplenç ünsi çekmek üçin hem ulanylýar. Gyzyl reňki halaýan adamlar sabyrsyz bolýarlar.
Goňur. Edebiýaty we sungaty ýadyňa salýan bu reňki, esasan hem, döredijilik adamlary halaýarlar. Goňur reňk çalt hereket etmäge, çalt pikirlenmäge itergi berýär. Dünýädäki restoranlaryň köpüsinde müşderileriň çalt iýmegi üçin goňur oturgyçlar, goňur diwarlyklar we goňur bezegler ulanylýar. Goňur reňki halaýanlar bir ýerde durup bilmeýän, yhlasly we işjeň adamlar hasaplanýar.
Gara. Bu reňk güýji we hyjuwy aňladyp, işewür adamlar saýlaýarlar. Gara reňk köpler üçin tukatlygy aňladýan hem bolsa, Ýaponiýada bagtyň nyşany hasaplanýar. Gözi ýadatmaýandygy sebäpli, bu reňk gündelik durmuşda köp ýerde ulanylýar. Gara reňki halaýan adamlar güýçli we tutanýerli hasaplanýar.
Gök. Dünýäde iň köp ulanylýan reňkleriň biri bolan gök reňki parahatçylygy halaýan, döredijilikli we duýgur adamlar saýlaýarlar. Ummanlary ýadyňa salýan bu reňk asudalygy we saglygy aňladýar. Gök reňk gan basyşyny peseldip, adamyň rahatlanmagyna ýardam edýär. Köp ýurtda bilim edaralarynyň diwarlary açyk gök bilen reňklenýär. Bu reňk netijeliligi ýokarlandyryp, çagalaryň üstünlik gazanmagyny üpjün edýär. Gök reňk bakylygy hem aňladyp, ynamy we ygtybarlylygy aňladýar. Dünýäniň köp sanly guramalarydyr kompaniýalary dostlugyň alamaty bolan gök reňki öz nyşanynda ulanýarlar.
Sary. Bu reňk wagtlaýyn üýtgewsizligiň beýany bolup, özüne çekijiligi aňladýar. Adatça taksileriň sary reňkde bolmagy hem özüne çekijilik hem-de az salymlyk wagt bilen düşündirilýär. Çagalaryň köpüsi sary reňkli otagda özüni oňaýsyz duýup aglaýarlar, ulular bolsa, gaharlanyp ugraýarlar. Sary seýrek ýagdaýda ulanylýan reňkleriň hataryna girýär.
Mämişi. Özüne çekiji bu reňk futbol toparlarynyň köpüsiniň köýnekçelerinde duş gelýär. Çalt göze ilýän bu reňki, esasan, moda dizaýnerleri we oýnawaç öndürýän kompaniýalar ulanýarlar. Bagtly, joşgunly we gujurly adamlar mämişi reňki saýlaýarlar.
Gülgün. Ýüzbe-ýüz bolýan tarapyňa rahatlyk duýgusyny berýän gülgün «ýakymly reňk» diýlip atlandyrylýar. Şol sebäpli şokoladdyr sowgatlyklaryň daşy gülgün reňk bilen örtülýär. Gülgün reňki, esasan, şadyýan, özünden hoşal «romantik» adamlar saýlaýarlar.
Çal. Bu reňk bitarap reňk bolup, duýgy taýdan ösen we garaşsyz adamlar saýlaýarlar. Çal reňk, esasan, şäher ýerlerinde meşhur bolup, penjekdir iş eşikleri köplenç çal reňkde bolýar. Portret suratlaryň düşeginde hem çal reňk ulanylýar. Kompaniýalardyr brendleriň logolarynda hem, esasan, çal reňki görmek bolýar. Çal reňki halaýan adamlar akyl we meseläni düýpli pikirlenmek ukyby bilen tanalýarlar.