Men 4-5 ýaşlyja çaga wagtym telewideniýäniň çagalar bölüminde taýýarlanýan “Siziň üçin, körpeler!” atly gepleşik tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alnyp, söýlüp görülýän gepleşikdi. Bu gepleşige diňe çagalar däl, eýsem, uly ýaşly adamlar hem sabyrsyzlyk bilen garaşyp, uly höwes bilen tomaşa edýärdiler. Gepleşigiň alypbaryjysy Aýsoltan Begenjowa bilen haýwanjyklaryň arasynda bolýan gyzykly gürrüňler çagalara mahsus bolup, tomaşaçyny özüne çekýärdi. Men Aşgabat şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynda terbiýelenýärdim. Şol wagtlar meniň kakam “Siziň üçin, körpeler!” atly gepleşikde Alabaý atly güjüjegi oýnadyp hem ses berip çykyş edýärdi.

Men bir gün kakama çagalar bagynda “Böwenjik” atly ertekini öwrenendigimi aýdyp, ertekini gürrüň berdim. Kakam “berekellamy” ýetirip, “Şol ertekini mawy ekranda çagalara gürrüň berip bilermiň?” diýip sorady. “Hawa, gürrüň bererin” diýdim. Bir gün kakam Aýsoltan gelnejäni alyp çagalar bagyna geldi. Men şonda “Böwenjik” atly ertekini sakynman gürrüň berdim. Aýsoltan gelneje “berekellamy” ýetirdi. Şeýdip men ilkinji gezek “mawy ekranda” çykyş edipdim.

Şol gepleşikde Alabaýdan başga-da Towşanjyk, Tilkijik, Kirpijik, Köşejik, Garagöz ýaly haýwanjyklaryň üsti bilen körpelere edep-terbiýe, öwüt-ündew berlip, olaryň Watana, ene-atalaryna wepaly oglan-gyzlar bolup ýetişmekleri hakynda söhbet açylýardy. Umuman, alypbaryjy bilen gurjaklaryň arasynda terbiýeleýji äheňdäki gürrüňler gidýärdi. Meniň çaga kalbymy buýsandyran zat bolsa kakamyň şol gepleşige Alabaý atly güjüjek bilen öz goşandyny goşýanlygy bolupdy. Şol pursatlar aňymda ýatlama bolup galdy. Şonuň üçin mende Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Aýsoltan Begenjowa bilen duşuşyp, onuň häzirki ykbaly, durmuş we döredijilik ýoly hakynda okyjylar köpçüligine ýetirmek höwesi döredi.

Aýsoltan Begenjowa 1963-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Ol orta bilimi Aşgabadyň öňki 29-njy orta mekdebinde alýar. Entek mekdepde okap ýörkä, okuwdan boş wagtlaryny telewideniýede geçiripdir. Olaryň öýleri öňki “8-nji mart” diýlip atlandyrylan ýeriň baýyrlygyndan telewideniýä barýan ýoluň ugrunda ýerleşipdir. Şol ýoldan bolsa her gün diýen ýaly tanymal sungat ussatlarydyr meşhur medeniýet işgärleri geçer eken. Olary gözleri bilen yzarlap garşylaýan hem yzlaryna ugradýan onlarça oglan-gyzlaryň arasynda naşyja Aýsoltan halypa alypbaryjylara, döredijilik işgärlerine höwes bilen salam berer eken.

Entek 7-8 ýaşlaryndaky çaga wagty telewideniýede ir döwürler taýýarlanyp ýaýlymda görkezilýän “Dana babanyň ertekisi” atly çagalara niýetlenen gepleşikde bir topar deň-duşlary bilen bilelikde diňleýji bolup studiýada oturmagy onuň sungata maýyl bolmagyna sebäp bolupdyr. Çagalykdan başlap telewideniýäniň işine höwes etmegi onda türkmen medeniýetine we sungatyna çäksiz söýgini oýarypdyr.

Aýsoltanyň ykbalyny sungata, telewideniýä baglamagyna käbesi Şekil enäniň hem kömegi az bolmandyr. Onuň ejesi adyna mynasyp görmegeý zenan bolup, elinden dür dökülýär eken. Şekil ene nahar bişirmegiňem ussady bolupdyr. Ol gyzy Aýsoltanyň baş goşan kärine özüniň enelik yhlasy bilen guwanyp, gyzynyň kesbinden kemal tapmagyny, saýlan hünäri bilen at-abraýa eýe bolmagyny tüýs ýürekden isläpdir.

Aýsoltan Begenjowa 1980-1985-nji ýyllarda dilçi we mugallymçylyk hünäri boýunça ýokary bilim alýar. Emma ol türkmen telewideniýesinden örküni üzmeýär. Şeýdibem ýörite hödürnama boýunça telewideniýä işe çagyrylýar.

1982-nji ýylda türkmen telewideniýesinde köp sanly halypalaryň tagallasy bilen “Siziň üçin, körpeler!” atly gepleşik taýýarlanyp, ýaýlymda görkezilip başlanýar. Bu gepleşigiň şowly çykmagy üçin gurjaklary hereketlendirip hem ses berip goşant goşanlar, Köşejik – Gurbannazar Atakgaýew, Towşanjyk – Altyn Hojaýewa, Ene Baýramberdiýewa, Ejebaý Kasymowa, Tilkijik – Nurtäç Mämmetýarowa, Garagöz – Annamyrat Saparmuhammedow, Alabaý – Durdy Annadurdyýew, Akmyrat Hojaberdiýew, Kirpijik – Bäşim Gurbanow dagy öz keşplerini körpe tomaşaçylara ynandyryjy edip ýetirmegi başarýardylar.

Gepleşigi ilki Türkmenistanyň halk artistleri Juma Ýazmyradow, Nurmuhammet Keşşikow, Aman Baýramberdiýew, soňra bolsa Dürli Geldiýewa, Oguljeren Işangulyýewa, Aýsoltan Begenjowa alyp barypdyr. Aman aga bilen Aýsoltan gelnejäniň ataly-gyz ýaly mylakatly keşpleri diňe bir körpeleri däl, eýsem, uly ýaşly tomaşaçylary hem bu gepleşigiň daşyna üýşürýärdi.

Aýsoltan sekiz çaganyň biri, ýagny gyzlaryň körpesi bolmak bilen, ownuk-uşak öý hojalyk işlerinden daşgary, gelnejeleriniň çagalaryna-da seredişmeli bolupdyr. Şol işleriň daşyndan bolsa okuwyna ýetişipdir. Indi gepleşige gatnaşmagy togtadaryn diýse-de, halypalaryň özleri onuň okamaly sözlerini öýlerine getirip gider ekenler. Şeýdibem ýene-de gepleşik alyp barmagy dowam etmeli bolupdyr. Soňlugy bilen Aýsoltanyň alypbaryjy bolup işlemegini ýanýoldaşy Ahmedem, gaýyn enesi hem goldapdyrlar. Bu ýagdaý bolsa oňa güýç-kuwwat berip, sungata bolan höwesi hasam güýjäp, zehinine zehin goşupdyr.

Ol çagalygyndan uly halypalaryň arasynda bolandygyny, olaryň göreldesine eýerip tejribe toplandygyny aýtmak bilen, terjimeçi Owadan Gurdowanyň, Geldimyrat Baýramowyň, Atamyrat Çopanowyň, Amangeldi Şyhlyýewiň, ýazyjylar Täçmämmet Jürdekowyň, Ýazmyrat Şadurdyýewiň, režissýorlar Aman Tommadowyň, Bäşim Gurbanowyň, Ussa Şazadaýewiň çagalara niýetlenip taýýarlanýan gepleşikler  üçin goşgularydyr edebi eserlerini ürç edip özünde özleşdirendigini ýatlaýar. Olaryň biri gepleýşine üns berse, beýlekisi egin-eşigine serenjam bermekde ýardam beripdir. Alypbaryjynyň sözleýiş, özüni alyp baryş medeniýetiniň üstüni egin-eşigiň ýetirýändigine onuň ünsüni çekipdirler. Aýsoltan gelneje şol halypalaryň her haýsyndan bir zat öwrenip, üstünlige ýetendigini ýatlaýar.

Aýsoltan gelnejäniň gürrüň bermegine görä, şol wagtlar taýýarlanyp ýaýlyma berilýän “Siziň üçin, körpeler!” atly gepleşigiň ilhalar gepleşik bolmagy üçin ençeme ýazyjydyr şahyrlar, redaktorlar, artistler uly tagalla edipdirler.

Aýsoltan gelnejäniň alypbaryjylyk ukybyndan başga-da sadadan adamkärçilikli häsiýeti hem çagalary özüne çekýärdi. Ol uly ýaşlylar bilenem, çagalar bilenem sypaýy gürleşmegi, düşünişmegi başarýardy.

Aýsoltan Begenjowa 2005-nji ýyldan bäri “Miras” teleýaýlymynyň tolkuna goýberiş bölüminde gepleşikleri ýaýlyma goýberiji bolup işläp gelýär. Ol diňe bir körpeler üçin däl, eýsem, mekdep okuwçylary, ýetginjekler üçin hem gepleşikleri taýýarlap ýaýlyma berýär. Oňa 2016-2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Zenanlar guramasy bilen “Miras” teleýaýlymy tarapyndan bilelikde taýýarlanýan “Zenan kalby” atly gepleşigi taýýarlamak hem alyp barmak ynanylýar. Şol gepleşik hem oňa uly üstünlik getirýär. “Size çagalar bilen işleşmek aňsatmy ýa-da eneleriň, gelin-gyzlaryň durmuşyndan söz açýan gepleşikleri taýýarlamak we alyp barmak aňsatmy?!” diýip beren sowalyma Aýsoltan gelneje: “Körpeleriň öz dünýäsi, öz pikirleri bar, ýetginjekleriň dünýägaraýşy, soraýan zadyňa berýän jogaplary täze bir pikiriň döremegine getirýär. Enelerimiz, gelin-gyzlarymyz bilen guralýan söhbetdeşlikler bolsa däp-dessurlarymyza, el işlerimize, milli gymmatlyklarymyza, öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli mirasymyza buýsanjyňy artdyrýar. Enelerimizden bilmeýän zatlarymy öwrenýän. Olaryň rowaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen berýän gyzykly gürrüňleri mirasyň ýene bir üýtgeşik öwüşginli tarapyny açyp görkezip, gözýetimiňi giňeldýär” diýip, jogap berdi. Meniň “Kino sungatynda öz zehiniňizi synap gördüňizmi?” diýen sowalyma Aýsoltan gelneje şeýle jogap berdi: “Milli mirasymyza, gymmatlyklarymyza bolan höwes mende türkmen el halylary, türkmeniň saryja goýny hakynda “Göwün nagşy” atly telefilmi döretmegime itergi berdi. Bu film teleýaýlymlarda öz mynasyp ornuny tapdy. Şonuň ýaly hem “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlaýjysy we guraýjysy bolup işleýän režissýor Haknazar Myratdurdyýewiň Täze ýyl baýramyna bagyşlap surata düşüren “Jadyly täze ýyl” atly filminde oňat mamanyň keşbinde çykyş etmek maňa miýesser etdi”.

Aýsoltan Begenjowa hakynda kärdeşleri diňe öwgüli sözleri aýdýarlar. Onuň şägirtleri häzirki günlerde teleýaýlymlarda döredijilikli zähmet çekip ýörler. 2013-nji ýylda Aýsoltan Begenjowa “Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri” diýen hormatly at dakylýar. Aýsoltan gelneje bu belent ada mynasyp bolmagynda mähriban käbesi Şekil daýzanyň aýratyn paýynyň bardygyny nygtaýar. Ol bu belent at üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, özüniň ujypsyzja zähmetine berlen bu belent bahanyň täze-täze döredijilik gözleglerine atarýandygyny nygtaýar. Ol bu sylag üçin zähmetini, zehinini, yhlasyny gaýgyrman işlejekdigini aýdýar.

Halkyň öňüne çykyp öz zehiniňi ykrar etdirmek hemme kişä  başartmaýar. Bu babatda Aýsoltan gelnejäniň yhlasy myrat bolupdyr. Çünki durmuşda-da, ýaýlymda-da hemişe süýji dili, mährem keşbi bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmak oňa başardýar.

Aýsoltan gelnejäniň agzybir maşgalasy bar. Şu ýerde Aýsoltan gelnejäniň döwletli maşgalasynyň ähli agzalarynyň diýen ýaly telewideniýäniň işgärleridigini hem belläsim gelýär. Ol ýanýoldaşy Ahmet Begenjow bilen bir ogul bilen bir gyzy ösdürip ýetişdirip, durmuş ýoluna atarypdyr. Ogly Reşit “Teleradiomerkezinde” işlese, gyzy Aýlar kiçijekkä ejesiniň kärine ýykgyn edip, gepleşigem alyp barypdyr. Ahmet aga bilen gelinleri Gülşirin “Sport” teleýaýlymynda zähmet çekýärler. Aýsoltan gelneje Azym, Halym, Isgender, Abdylla atly agtyklarynyň bagtly enesi hem mamasy.

Aýsoltan Begenjowa medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň zähmetlerine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýar. Biz hem ykbalyny sungata bagyşlap, il içinde “körpeleriň Aýsoltany” ady bilen meşhur bolan halypa döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

Resul Hojaberdiýew,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň

Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.