16-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Alenka Suhadolnik bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Soňra taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm mehanizmleriniň biri bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Sloweniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlylygy tassykladylar.