Planetanyň “ýaşyl öýkenleri” hökmünde hereket edýän tokaýlar kömürturşy gazyny özüne siňdirip, kislorod bölüp çykarýar. Şeýle hem, olar öz ekoulgamlaryny we suw aýlanyşyny emele getirip, müňlerçe kilometr uzaklykdaky ýerlere täsir edýärler. Soňky onýyllyklarda Amazoniýa millionlarça gektar tokaý ýitiren bolsa-da, birnäçe ýurt tokaýlary dikeltmek maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) maglumatlaryna esaslanýan täze infografika 2015-nji ýyldan bäri tokaý meýdanlaryny giňeltmek boýunça haýsy ýurtlaryň öňdebaryjydygyny görkezýär.
1970-nji ýyllardan bäri Hytaý “Beýik ýaşyl diwar” başlangyjynyň çäginde müňlerçe, belki-de millionlarça agaç ekdi. Bu maksatnama Gobi we Taklamakan çölleriniň çägeleriniň şäherlere aralaşmagynyň öňüni almak üçin işlenip düzüldi. 2050-nji ýyla çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýän taslama dürli netijeleri görkezse-de, ýurtda 2015-nji ýyldan bäri ýurtda tokaý meýdanynyň arassa ösüşi 1,7 million gektara deň boldy.
Russiýa soňky 10 ýylyň içinde 942 müň gektar ösüş bilen dünýäde ikinji orny eýeleýär. Muňa 2018-nji ýyldan başlap tokaý meýdanlarynyň ösüşini çaltlandyrmak boýunça başlanan milli çäreler ýardam berdi.
Hindistan hem tokaýlary dikeltmek boýunça uly maksatnamalary amala geçirýär. Howanyň üýtgemegi boýunça borçnamalaryň çäginde ýurt 2030-njy ýyla çenli 26 million gektar tokaýy dikeltmegi meýilleşdirýär. 2015-nji ýyldan bäri bu ýerde tokaý örtüginiň arassa ösüşi 191 müň gektar bolup, bu dünýäde üçünji görkezijidir.