Günorta Amerikanyň Çempionlar Ligasy bolan Libertadores Kubogy ýaryşynda ýene-de brazil kluby çempionlyk gazandy. Perunyň paýtagty Limadaky “Monumental” stadionynda oýnalan finalda Braziliýanyň 2 kluby “Flamengo” bilen “Palmeiras” toparlary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýna argentinaly Dario Herrera eminlik etdi.
Oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýarymda, has takygy, duşuşygyň 67-nji minutynda burçdan ýerine ýetirilen urguda topy kellesi bilen derwezä girizen Danili hasaby açdy. Karýerasy boýunça “Porto”, “Real Madrid”, “Mançester Siti”, “Ýuwentus” ýaly klublarda oýnan 34 ýaşyndaky terjibeli goragçynyň geçiren goly duşuşygyň ýeňijisini kesgitledi. Şeýlelikde,1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Flamengo” topary 4-nji gezek Libertadores Kubogynyň ýeňijisi boldy. Soňky 7 ýylda 3-nji gezek kubogy eýelän riolylar mundan öň 1981-nji, 2019-njy, 2022-nji ýyllarda ýeňiş gazanypdy. Toparyň soňky gazanan 3 çempionlygynyň hersiniň arasynda 2 ýyl bolmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. “Flamengo” topary 2019-njy ýylda-da Limadaky “Monumental” stadionynda 2-nji çempionlygyny gazanypdy.
“Flamengo” topary bilen “Palmeiras” topary 2021-nji ýylda-da duşuşypdylar we şonda “Palmeiras” 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. 7 ýyldan bäri kubogy brazil klublary eýeläp (7 finalyň 5-sinde 2 brazil topary duşuşdy), bu ýurduň wekilleri umumylykda 25-nji gezek Libertadores Kubogyny asmana göterdi. Brazil klublary bu görkeziji boýunça argentin klublary bilen deňleşdi. Brazil klublary bu ýaryşda 20 gezek 2-nji orny eýelediler. Bu görkeziji argentin toparlary üçin 13-e deňdir.
“Flamengo” toparyna ozalky futbolçy Filipe Luis tälim berip, 40 ýaşyndaky hünärmen geçen ýylyň sentýabrynda bu wezipä bellenipdi. Klub onuň tälimçiliginde Braziliýanyň Kubogyny, Super Kubogyny hem-de Kariokanyň çempionlygyny gazanyp, bu ýeňiş onuň 4-nji kubogydyr. “Atletiko Madrid”, “Çelsi” ýaly klublarda oýnan Filipe Luis geçen ýylyň ýanwarynda “Flamengonyň” U17, iýunynda-da U20 toparyna tälim beripdi.
Braziliýanyň milli çempionatynda-da çempionlygyň bosagasynda duran “Flamengo” möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, 2-nji ýerdäki “Palmeirasdan” 5 utuk öňde barýar.
PDF









