2022-nji ýylyň jemi boýunça Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy 70,2 milliard amerikan dollaryna ýetip, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan, 40% ýokarlandy ýa-da diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri geçen 30 ýylda, takmynan, 100 esse ýokarlandy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetine Hytaýyň maýa goýumlarynyň mukdary 970 million ABŞ dollary diýlip kesgitlenilýär. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Özgertmeler we ösüş boýunça milli komissiýasy tarapyndan habar berilýär.
Hytaý söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 5-siniň iň möhüm hyzmatdaşlaryndan birine öwrüldi. Esasan-da, “Bir guşak – bir ýol” atly bilelikdäki gurluşyk halkara jemgyýetçiligi üçin bähbitli platforma öwrülensoň, Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk yzygiderli çuňlaşdy.
Energetika hyzmatdaşlygy Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm elementidir. Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri “Hytaý – Merkezi Aziýa” gaz geçirijisi, “Hytaý—Gazagystan” nebit geçirijisi we Türkmenistanda “Galkynyş” gaz ýatagynyň özleşdirilmegi ýaly birnäçe möhüm taslamalar bilelikde durmuşa geçirildi.
Uly göwrümli infrastruktura taslamalaryndan başga-da, haryt eksport-importy hem ösdürilýär. Merkezi Aziýadan köp sanly önüm, şol sanda Gazagystandan düýe süýdi, Gyrgyzystandan bal, Täjigistandan guradylan iýmişler, Türkmenistandan pagta we Özbegistandan ülje Hytaý bazaryna eltilýär.