Ýakynlaryňa ýa-da kimdir birine sowgat bereniňde hem özüň, hem-de sowgat alan adam begenýär. Uly ýa-da kiçidigine garamazdan, islendik sowgat adamda hoşniýetli duýgulary emele getirýär. Köplenç doglan günlerde we baýramçylyklarda birek-birege sowgat berilýär. Eýsem, sowgat bermegiň ähmiýeti näme?
Köpler sowgat alanynda begenýär. Olaryň begenjini görüp, sowgat beren adam hem begenýär we özüni bagtly duýýar. Bu edil zynjyr görnüşinde bolup, durmuşa bolan kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Sowgat bermek birek-biregiň arasynda özara söýgini we hormaty döredýär. Esasan hem, sussupes adamlara sowgat berlende, olar özleriniň söýülýändigine we eý görülýändigine düşünýärler.
Sowgat bermek bir zat satyn almak diýmek däl. Köpler satyn alynýan taýýar sowgady halamaýarlar. Şeýle ýagdaýda öýde el zähmeti bilen bir zatlar ýasap, süýjülikler bişirip bilersiňiz.
Sowgat bermek ýakynlaryň ýa-da kimdir biri bilen begenjiňi we şatlygyňy paýlaşmagy öwredýär.
Sowgat bermek adamyň duýgularyny beýan etmäge ýardam edýär. Sowgat bermek arkaly ýakynlaryň we kimdir biriniň aladasynyň edilýändigini, ýadyňdan çykarmaýandygyňy we hormat-sylagy aňladyp bolýar.
Sowgat bermek, esasan hem, el zähmeti bilen ýasan zadyňy sowgat bermek döredijilige bolan ukybyňy ösdürýär. Mysal üçin, çagajyga hozuň gabygyna kiçijik kagyz ýelken ýelmenip ýasalan gämini, kagyzdan ýasalan arçany sowgat bermek.
Sowgat bermek döredijiligi, estetiki manyny baýlaşdyrýar we ösdürýär. Ýakynlaryňa sowgat hökmünde berip biljek zatlaryň sanawyny ýazmaly. Soňra şol adamyň özüne mahsus sowgady saýlamaly we daşyny owadan kagyzlar ýa-da bezegler bilen örtmeli. Bu adamyň estetik duýgusyny ösdürip, gözellikleri saýlap bilmegi we görmegi öwredýär.
PDF









