(Tymsal)
Bir gezek bir zenan öýüniň eýwanyna çykanda, howlusynda üç sany myhmanyň durandygyna gözi düşýär.
Öý bikesi gapyny açyp:
– Öýe giriň, duz dadyp gidiň – diýip, olaryň içeri girmegini teklip edýär.
Olar göwnaçyk zenana myhmansöýerligi üçin hoşallyk bildirip:
– Biziň üçimiz birlikde öýe girip bilmeýäris – diýip, jogap berýärler.
– O näme üçin? – diýip, öý bikesi geň galýar.
Myhmanlaryň biri ýanyndakylary görkezip:
– Munuň ady «Baýlyk», onuň ady «Saglyk», meniň adym bolsa «Söýgi» – diýip, özi we dostlary bilen tanyşdyrýar.
Soňra ol:
– Ýoldaşyň bilen biziň haýsy birimizi öýüňize myhman almakçydygyňyzy maslahatlaşyň. Maşgala agzalaryňyz bilen netijä geleniňizden soň, jogabyňyzy aýdyň – diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.
Myhmanlar gapyda garaşmagy makul bilýärler. Zenan bolsa, öýüne girip bolan zatlary ýoldaşyna gürrüň berýär. Zenanyň ýoldaşy muňa örän begenip:
– Bul-a örän gowy boldy. Saýlamaly bolsa, onda näme, «Baýlygy» çagyraly. Goý, ol öýümizi bolelinlik bilen doldursyn – diýip jogap berýär.
Aýaly muňa garşy çykyp:
– Gadyrdanym, biz näme üçin öýümize «Saglygy» çagyrmaly däl – diýip, nägilelik bildirýär.
Öýüň bir burçunda tikin işlerine gümra bolup, bu gürrüňleri eşidip oturan gyzy:
– Eýsem, biz näme üçin «Söýgini» çagyrmaly däl. Goý, biziň öýümizde söýgi höküm sürsün – diýip, ýakynlaryna öz pikirini duýdurýar.
Öýüň hojaýyny:
– Bolýar, ejesi, onda gyzymyzyň islegi bilen razylaşaly. Git-de «Söýginiň» biziň myhmanymyz bolmagyny sora – diýip, aýalyna ýüzlenýär.
Öý bikesi daşary çykýar-da:
– Siziň haýsy biriňiz «Söýgi» bolsaňyz içeri giriň we biziň myhmanymyz boluň – diýýär.
«Söýgi» atly myhman gapa tarap ýönelende, beýleki iki myhman hem onuň yzy bilen geliberýär. Bu ýagdaýa geň galan zenan olara ýüzlenip, şeýle diýýär:
– Siz häli diňe biriňiziň içeri girip bilýändigiňizi aýdypdyňyz dälmi?
Bu soraga myhmanlar:
– «Baýlygy» ýa-da «Saglygy» saýlan bolsaňyz, beýleki ikimiz daşarda galardyk, ýöne siz «Söýgini» çagyrdyňyz. Biz – «Baýlyk» we «Saglyk» ikimiz «Söýgi» nirä gitse-de, onuň ýanyndan aýrylmaýarys. Nirede söýgi bar bolsa, şol ýerde-de baýlyk bilen saglyk mesgen tutýandyr – diýip, hoşamaý jogap berýärler.
PDF








