“SpaceX” kompaniýasy “Starlink” taslamasynyň çäklerinde medeni zolakdan uzak ýerleri internet bilen üpjün edýär. Internet hyzmaty emeli hemralardan gönüden-göni üpjün edilýär. Kompaniýa bu hyzmaty ýolagçy uçarlaryna hem hödürläp başlajakdygyny habar berdi. “Starlink Awiasiýa” atly taslamanyň çäklerinde uçarlardaky birikdiriş tizliginiň sekuntda 350 megabite deň boljakdygy mälim edildi. Bu bolsa uçar ýolagçylaryna ýokary tizlikli internetden peýdalanmaga mümkinçilik berer. Kompaniýa, 2023-nji ýyldan başlap uçuşyň dowamynda birnäçe uçarda ýokary tizlikli internete girmäge mümkinçilik döreder.
Awiakompaniýalar uçarlaryna bu internet hyzmatyny birikmek üçin bahasy 150 müň dollarlyk ýörite enjamlary oturtmaly bolarlar. Abuna töleginiň aýda 12,5 müňden 25 müň dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar. gerekli enjamlar toplumy “SpaceX” web sahypasyndan 5000 dollar öňünden töläp, bron edip bolýar. Tölegini geçiren kompaniýalar bu enjamlary 2023-nji ýylda alyp başlarlar.
Kompaniýa mundan ozal uçarlar üçin internet hyzmatyny hödürlemek üçin awiakompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigini mälim edipdi.
Ýusup Annaýarow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
PDF









