2-nji iýulda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport
harytlarynyň sergisi açyldy.
Stambul Sergi Merkezinde ýurdumyzyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş
dabarasynyň resmi böleginde ilki bilen Türkmenistanyň we Türkiýe
Respublikasynyň döwlet senalary ýaňlandy. Iki dost-doganlyk ýurduň döwlet
senalary ýerine ýetirilenden soň, Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň
açylyş dabarasy mynasybetli çykyşlara orun berildi.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň resmi wekilleri Stambul şäherinde
Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylmagy bilen çärä gatnaşyjylary
tüýs ýürekden gutlap, bu serginiň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk
gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam
bildirdiler.
Çykyşlarda häzirki wagtda Türkmenistanyň we Türkiýäniň ykdysadyýetiň dürli
ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady
gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändikleri nygtaldy.
Soňra dabara gatnaşyjylar köpugurly sergi bilen tanşyp başladylar. Onda türkmen
önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy —
senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk
serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma
önümleri hem-de beýleki dürli önümler we ýerine ýetirilýän hyzmatlar görkezilýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we
giňeltmäge täze itergi berjek özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny
ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin
netijeli meýdança bolup hyzmat edýän bu sergi munuň aýdyň
subutnamasydyr.
Sergi meýdançasynda türkmen milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny
döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işleri, döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde
üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn
diwarlyklar ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini 5-nji iýulda
tamamlady.