Türk­me­nis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Eý­ra­nyň we Tür­ki­ýä­niň de­mir­ýol eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri Stam­bul şä­he­rin­de il­kin­ji bi­le­lik­dä­ki mej­li­si ge­çir­di­ler. On­da Öz­be­gis­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran-Tür­ki­ýe mul­ti­mo­dal ulag ge­çel­ge­si­ni ös­dür­mek me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Du­şu­şyk­da, esa­san hem, ulag ge­çel­ge­si bo­ýun­ça de­mir­ýol da­şa­ma­la­ry­nyň nyrh­la­ry­ny pe­selt­mek we onuň üs­ti bi­len ýük da­şa­ma­la­ry­nyň muk­da­ry­ny art­dyr­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Ta­rap­lar ulag ge­çel­ge­si bo­ýun­ça ýük da­şa­ma­lar­da eme­le ge­ti­ri­len amat­ly we bäs­deş­li­ge ukyp­ly nyrh­la­ryň ha­ryt­la­ryň hem-de ýük­le­riň da­şa­lyş möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi ha­kyn­da bi­te­wi dü­şün­jä gel­di­ler.
Mej­li­siň jem­le­ri bo­ýun­ça ulag ge­çel­ge­si­ne gat­na­şy­jy de­mir­ýol eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da Tes­wir­na­ma gol çe­kil­di. Bu res­mi­na­ma de­giş­li tas­la­ma­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek­de hyz­mat­daş­lyk we bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar üçin äh­li ta­rap­la­ryň yla­la­şan­dy­gy­ny tas­syk­la­mak bi­len ulag ge­çel­ge­si­ni ös­dür­mek­de mö­hüm tap­gy­ry aç­ýar.
Öz­be­gis­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran-Tür­ki­ýe ulag ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek ha­kyn­da Tes­wir­na­ma şu ýy­lyň 2-nji no­ýab­ryn­da Öz­be­gis­ta­nyň paý­tag­ty Daş­kent­de ge­çi­ri­len Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň 12-nji du­şu­şy­gy­nyň çäk­le­rin­de gol çe­ki­lip­di. Bu ge­çel­ge ulag inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny we se­bit ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de mö­hüm gu­ral­dyr.
Bu mul­ti­mo­dal ulag ge­çel­ge­si­niň ös­dü­ril­me­gi yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge we Öz­be­gis­tan, Türk­me­nis­tan, Eý­ran we Tür­ki­ýä­niň ara­syn­da söw­da müm­kin­çi­lik­le­ri gi­ňelt­mä­ge ýar­dam eder. Şeý­le hem ol se­bit­dä­ki ulag dü­züm­le­ri­niň el­ýe­ter­li­li­gi­ni we ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dy­rar we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­me­gi­ne we ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dy­rar. (Çeş­me : tca.gov.tm).