Durmuşda dartgynly pursatlar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolunýar. Şeýle ýagdaýda özüňi rahat alyp barmaga çalyşmaly. Stres bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda nerw we endokrin ulgamy dartgynlylyk ýagdaýyna geçip, oňyn netijä gelmekde, özüňi rahat alyp barmakda, işleriň ugruna bolmagynda birnäçe kynçylyklar ýüze çykýar. Dartgynly ýagdaýlar saglyk üçin zyýanly bolmak bilen bir hatarda, ýakynyňdaky adamlara hem öz oňaýsyz täsirini ýetirýär. Stresi azaltmagyň we çydamlylygy ýokarlandyrmagyň birnäçe ýönekeý usuly bar.
Özara gatnaşyk. Bilermenleriň bellemegine görä, maşgalasy we dostlary adamyň esasy daýanjy bolup, olar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak, derdiňi paýlaşmak stresiň derejesini azaldýar. Şonuň üçin günüň dowamynda ýakynlaryňyz bilen söhbet etmek üçin wagt tapyň.
Täze zatlary öwrenmek. Gaýtalanýan durmuş ýörelgeleri stresiň derejesini artdyryp biler. Şol sebäpli täzeçillikleri durmuşyňyza ornaşdyrmaga endik ediň. Muňa dil öwrenmek, goşmaça hünär öwrenmek, programmalary özleşdirmek mysal bolup biler.
Dynç gününi dogry geçirmek. Wagtly-wagtynda dynç almak, ertirlik naharyny edinmek we gezelenç etmek stresi ýeňip geçmegiň bir usuly hasaplanýar. Iş günlerinden soň, dynç alyş gününi şahsy meýilnama esasynda peýdaly geçirmek iň dogrusydyr. Dynç alyş güni tehnologik enjamlardan uzakda bolup, maşgala bolup dynç almagy, teatrlara, seýilgählere gezelenje gitmegi, süýjüliklerdir tagamlary bişirmegi ýola goýuň. Şeýle hem dynç alyş güni dostlaryňyz bilen sport oýunlaryny hem gurap bilersiňiz.
Yzygiderli maşk etmek. Maşk etmek fiziki işjeňligi artdyrmak bilen bir hatarda, beýnidäki gan aýlanyşyny kadalaşdyryp, şähdaçyk bolmaga ýardam edýär. Şeýle hem işde şowly netijeleri gazanmaga itergi berýär.
Tebigatda gezelenç etmek. Agaçlardyr otlar bilen gurşalan meýdanda gezelenç etmek stresi azaltmagyň iň ýeňil usulydyr. Şeýle ýagdaýda beýni kislorod bilen doly üpjün edilýär, gözdäki nerw damarlary ýaşyl meýdanda rahatlanyp, dartgynlylyk derejesi azalýar.
Dogry dem almak. Stresli ýagdaýda köplenç gysga hem çalt-çaltdan dem alýarys ýa-da demimizi saklaýarys. Bu saglyk üçin zyýanly bolup, tersine haýaljakdan çuňňur dem almak rahatlanmaga uly kömek edýär. Şeýle ýagdaýda dem alyş maşkyny (ýuwaşjadan dem alyp, biraz saklap, soňra ýuwaşjadan goýbermek) ýerine ýetirmek iň dogrusydyr.
Edilmeli işleriň sanawyny ýazmak. Adamda bökdençlik döredýän zatlaryň biri hem edilmeli işiň wagtynda ýerine ýetirilmezligi ýa-da ýatdan çykmagydyr. Şol sebäpli etmeli işleriňiziň sanawyny kagyza belleseňiz netijeli bolar hem-de stres derejesini kemelder.