Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar.

Bu mynasybetli hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynda işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, kiçi, orta we iri telekeçiligiň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde ykdysadyýetde hususy bölegiň paýynyň yzygiderli ýokarlanýandygy bellenilýär. Şeýle hem «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldamagyň, işewürlik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna ykdysadyýetde hususy taraplaryň paýyny artdyrmagyň we jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 71,6 göterime ýetirirmegiň meýilleşdirilýändigi aýdylýar. Hormatly Prezidentimiz Gutlag hatynda: “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň geçen 17 ýylda ýeten sepgitleri, ýurdumyzyň ösüşine goşýan mynasyp goşantlary, gazanýan üstünlikleri bizi buýsandyrýar” diýip belleýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi bilen bir hatarda il­kin­ji ge­zek «Türk­me­nis­ta­nyň gel­je­gi­ne ma­ýa go­ýum­lar» at­ly IFT 2025 atly hal­ka­ra fo­ru­m hem ge­çi­ri­lýär. Bu hal­ka­ra fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra se­na­gat, ulag, oba ho­ja­lyk, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we beý­le­ki pu­dak­lar­da­ky ile­ri tu­tul­ýan tas­la­ma­lar bi­len ta­nyş­ma­ga, hu­su­sy işe­wür­li­gi gol­da­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri öw­ren­mä­ge, hal­ka­ra we ýer­li ma­ýa­dar­lar, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry we işe­wür­li­giň we­kil­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga, se­bit­de işe­wür­li­gi alyp bar­ma­gyň we ma­ýa go­ýum goý­ma­gyň iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­le­ri­ne ba­gyş­la­nan eks­pert mas­la­hat­laş­ma­la­ry­na gat­naş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ler.

Fo­ru­ma 26 ýurt­dan 200-den gow­rak we­ki­l ga­ra­ş­ýar. Çä­rä Türk­me­nis­ta­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lar, iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem yk­dy­sa­dy­ýet we in­no­wa­si­ýa­lar ul­ga­myn­da­ky hü­när­men­ler hem gat­na­şýar­lar.