2-nji martda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, «Sungat äleminiň bahary» atly zenan mugallymlaryň we talyp gyzlaryň sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň belli sungaty öwrenijileri we suratkeşleri çykyş edip, zenan suratkeşleriň döreden eserleriniň çeperçilik taýdan gymmaty, özboluşlylygy hakda belläp geçdiler.
Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zenan mugallymlarynyň we talyp gelin-gyzlarynyň döreden nakgaş, grafika, dizaýn, haly, gobelen, zergärçilik, külalçylyk eserleri görkezilýär.
Ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlary Dursunsolmaz Muhammedowa, Annabibi Islamowa, ýaş mugallymlar Roza Agahanowa, Mährijemal Gullaýewa, Hatyja Amansähedowa, Oguldöndi Baýramgeldiýewa, Bahar Pirgulyýewa, Sadap Kurbanowa, Aksona Saparmedowa dagy sungatyň dürli görnüşlerine degişli eserleri döredip, olaryň her biri özboluşly çeperçilik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan döredijilik ýoluny tapdylar.
Sergide görkezilen Hatyja Amansähedowanyň «Ýazyňaýdymy», Oguljahan Ýazgulyýewanyň «Ýaz gözelligi», Tuwak Meretliýewanyň «Gül», Gülnabat Aşyrowanyň «Kalla gülleri», Mahym Rejebowanyň «Gülli natýurmort» ýaly eserlerinde şekillendirilen gülleriň owadan şekilleri bahar paslynyň joşgunlylygyny we ruhubelentligini wasp edýär. Çünki bahar paslynyň jana ýakymly howasy diňe bir tebigaty janlandyrman, eýsem, her bir ynsanyň, aýratyn hem zenan suratkeşleriň näzik kalbyna ylham berýär. Jemal Baýmyradowanyň «Gülleriň sazlaşygy» atly nakgaşlyk eseriniň birinji meýilnamasynda dürli reňkli lybaslardaky türkmen gözelleriniň keşpleri gopuz çalýan, läle kakýan, aýdym aýdýan görnüşde beýan edilipdir. Şol bir wagtda olaryň keşpleri daş-töweregindäki gülleriň näzik şekilleri bilen utgaşykly sazlaşýar. Suratyň ýokarky bölegindäki ak kepderiler we ahalteke bedewlerine atlanan ýigitleriň şekilleri bagtyýar döwrümizi alamatlandyrýar.
Güllere deňelýän zenan nakgaşlaryň, grafikaçylaryň, dizaýnerleriň, halyçylaryň, zergärleriň ellerinden çykan nepis sungat eserleri we el işleri baharyň gözelligini şöhlelendirýär.