Sü­rü­ji­siz ulag 1,6 mil­li­on ki­lo­metr ýol geç­di

207

Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan sü­rüş ul­gam­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ýan «Way­mo» şe­re­ke­ti­niň sü­rü­ji­siz ula­gy hä­zi­re çen­li 1,6 mil­li­on ki­lo­metr ýol geç­di. «Go­og­le» kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li bo­lan şe­re­ket bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri ulag he­re­ke­ti­niň bar ýer­le­rin­de sü­rü­ji­siz ulag­la­ry sy­nag­dan ge­çir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, ABŞ-nyň Ari­zo­na şta­ty­nyň Fi­niks şä­he­rin­de ýö­ri­te mo­bil go­şun­dy­ny te­le­fon­la­ry­na gö­çü­rip alan adam­lar, bu ýer­den tak­si sar­gyt edip, şä­he­riň bel­li ýer­le­rin­de sü­rü­ji­siz ulag­lar­dan peý­da­la­nyp bil­ýär­ler. Şe­re­ket bu ulag­la­ry ar­ka­ly 1 mil­li­on mil­den gowrak ýo­luň ge­çen­di­gi­ni mä­lim et­di. Şeý­le köp ara­ly­gy ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ulag­lar­da hiç hi­li ýol-ulag ha­dy­sa­sy ýü­ze çyk­man­dyr. Bi­ler­men­ler bu ýag­da­ýyň do­lu­ly­gy­na öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän ulag­la­ryň ýaý­baň­lan­ma­gyn­da­ky ýe­ne bir sep­gi­diň aşy­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Şe­re­ke­tiň sü­rü­ji­siz ulag­la­ry tak­si hök­mün­de ula­ny­lan­da, il­ki­baş­da onuň sü­rü­ji otur­gy­jyn­da haý­sy­dyr bir ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­ga­ma gö­zeg­çi­lik et­mek üçin äti­ýaç­dan bir teh­ni­ki iş­gär otur­ýar­dy. Soň­ky wagt­lar­da bol­sa ulag­lar do­lu­ly­gy­na öz­baş­dak, ýag­ny sü­rü­ji­siz he­re­ket edip baş­la­dy. Öz­baş­dak sü­rüş teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny «Uber», «App­le», «Ge­ne­ral Mo­tors», «Tes­la», «Bai­du», «Ap­tiv», «Ar­go» ýa­ly ulu­ly-ki­çi­li beý­le­ki bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa hem iş­läp taý­ýar­la­ýar.

Eziz GAR­LY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.