ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň San-Fran­sis­ko şä­he­ri­niň je­ma­gat hyz­mat­la­ry ge­ňe­şi sü­rü­ji­siz tak­si hyz­mat­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne rug­sat ber­di. Şeý­le­lik­de, «Crui­se» hem-de «Way­mo» kom­pa­ni­ýa­la­ry şä­her­de hep­dä­niň ýe­di gü­ni, gü­nüň 24 sa­ga­dy tö­leg­li tak­si hyz­ma­ty­ny ýo­la go­ýup bi­ler­ler. Tö­leg­li hyz­mat ed­ýän sü­rü­ji­siz tak­si­ler ro­bo­tak­si diý­lip at­lan­dy­ry­lyp, soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­niň teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da ösen kä­bir şä­her­le­rin­de hö­dür­le­nip baş­lan­dy. Ro­bo­tak­si ulag­la­ry şä­he­riň de­giş­li inf­rast­ruk­tu­ra or­naş­dy­ry­lan kö­çe­le­rin­de tö­leg­li hyz­ma­ty sü­rü­ji­siz ýag­daý­da ama­la aşyr­ýar­lar. On­dan peý­da­lan­mak üçin el te­le­fo­ny­ňa de­giş­li mo­bil go­şun­dy­ny ýük­läp, öz ýa­ny­ňa ça­gyr­mak ýe­ter­lik. Git­jek ýe­ri­ňi hem de­giş­li mo­bil go­şun­dy ar­ka­ly bel­le­me­li. Dür­li ka­me­ra­lar we beý­le­ki howp­suz­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len ulag ýo­lu­ny in­ter­net ara­gat­na­şy­gy ar­ka­ly tap­ýar.
Tak­si­çi­lik hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýän «Crui­se LLC» kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň «Ge­ne­ral Mo­tors Co.» aw­to-
u­lag ön­dü­ri­ji­si­ne, «Way­mo» bol­sa, «Alp­ha­bet Inc.» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li­dir. Tä­ze ka­ra­ra gö­rä, sü­rü­ji­siz ulag­la­ryň hyz­mat ediş çä­gi hem gi­ňel­di­ler.
«Way­mo»-nyň 200 tö­we­re­gi, «Crui­se»-yň 300 tö­we­re­gi sü­rü­ji­siz he­re­ket edip bil­ýän aw­tou­la­gy bar. Hä­zir­ki wagt­da bu tak­si­ler bel­li ýer­ler­de ula­ny­lyp bi­lin­ýär. Il­ki­baş­da sü­rü­ji­siz ulag­la­ra howp­suz­lyk üçin sü­rü­ji­niň otur­gy­jyn­da bir iş­gä­riň otur­ma­gy şer­ti bi­len rug­sat ber­lip­di.