Her ýylda «Oceanographic» žurnaly tarapyndan geçirilýän suwasty surat bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi. Dört ýyldan bäri geçirilýän ýaryşa dünýäniň dürli ýurtlaryndan fotosuratçylar suw bilen bagly suratlaryny iberip bilýärler. Emin agzalary tarapyndan suwuň astynda we kenarýakalarda alnan suratlar kabul edilýär. Gatnaşyjylara jemi alty ugurdan baýraklar gowşurylýar. Bu bäsleşik suw gorlarynyň we onuň töweregindäki tebigatyň aýawly saklanmagyna ünsi çekmek maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşikde «Ummanlary goramak» ugrundan Nikolas Samaras birinji boldy. Tejribeli suratçy mundan ozal hem birnäçe halkara baýraklara mynasyp bolupdy. Ýaş suratçy ugry boýunça Hannah Le Leu, Açyş ugry boýunça Metti Smit, Köpçüligi saýlamak ugrundan Michael Haluwana hem-de Fil De Glanwil, Başdangeçirme ugrundan Sebastien Pontoizýu hem-de Daýsuk Kuraşima tapawutlandy. Kollektiw işler ugrundan Stefan Kristmann ýeňiji boldy.