Ekwadoryň Galapagos adalarynda ýaşaýan deňiz iguanasy suwa çümüp, suwotular bilen iýmitlenmegi bilen tapawutlanýar. Hažžygyň bir görnüşi bolan deňiz iguanasy başgaça, duzly suw iguanasy ýa-da Galapagos deňiz hažžygy diýlip hem atlandyrylýar. Daşyndan seredeniňde eýmenç görünýän bu süýreniji gaýaly kenarlarda ýaşaýar. Bu hažžyklaryň erkegi iýmit tapmak üçin deňze çümýär, köpelýän görnüşleri bolsa, pes tolkunly deňiz kenarlarynda aw awlaýar. Galapagos hažžyklarynyň käbirine batgalyklarda we mangrow tokaýlarynda hem duş gelmek bolýar.
Deňiz iguanasynyň göwresiniň uzynlygy, adatça 15-56 santimetr aralygynda bolýar. Bu hažžygyň özünden uzyn bolan guýrugynyň uzynlygy 84 santimetre ýetip, deňziň düýbünde ýüzmegine ýardam edýär. Deňiz hažžygynyň agramy 12 kilograma ýetýär. Hažžygyň bu görnüşi ilkinji gezek 1825-nji ýylda iňlis zoology Tomas Bell tarapyndan köpçülige mälim edilýär. Ýöne Bell deňiz iguanasynyň Meksikada ýaşaýandygy baradaky pikiri öňe sürýär. Ylymda «amblyrhynchus cristatus» diýlip atlandyrylýan bu hažžygyň ady «gödek» diýen manyny aňladýar. Sebäbi deňiz iguanasynyň daşky görnüşi, yraň atyp, süýrenip ýöremegi ilkinji gezek synlaýan adamlarda gorky duýgusyny döredýär.
Arkasynda syh-syh tikeni bolan bu hažžygyň erkegini we urkaçysyny derisiniň reňkine görä saýgaryp bolýar. Deňiz iguanasynyň erkeginiň derisi garamtyl-gülgün, beýlekileri garamtyl-goňur bolýar. Krokodile meňzeş bu süýrenijileriň äpet penjesi we ýiti dyrnaklary bar. Hažžygyň bu görnüşi 60 ýyla çenli ýaşaýar. Deňiz iguanalary 20-den 500-e çenli aralykda topar bolup ýaşaýarlar. Bu süýdemdirijiler eýmençdigine garamazdan, adama, guşlara we beýleki deňiz jandarlaryna zyýansyz hasaplanýar.
Deňiz iguanalary diňe gyzyl we ýaşyl suwoty iýýärler. Deňziň düýbünde, daşlaryň arasynda gögeren otlary iýmek üçin bu jandarlar
30 metr çuňluga çümýärler. Her gün bir gezek iýmitlenýän uzyn guýrukly bu hažžyklar suwuň aşagynda 3 minut saklanyp bilýärler. Bir deňiz hažžygy ýylda 15-20 kilogram aralygynda suwoty iýýär. Seýrek ýagdaýda osminog, balykgulak, ownuk balyk we çekirtge hem iýýärler. Deňiz hažžyklary iýmitlenmek üçin suwda 1 sagada çenli wagt geçirip, soňra daşlara dyrmaşyp, kenara çykýarlar. Bu jandarlar uzak wagtlap açlyga çydamlylygy bilen hem tapawutlanýar. Galapagos iguanasy käte 1 hepdeläp, käwagt bolsa 1 aýlap hiç zat iýmän gezip bilýär. Deňiz hažžyklaryndan başga-da, birnäçe endemik jandarlaryň ýaşaýan ýeri bolan Galapagos milli seýilgähi 2012-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde goralýan zolaga öwrüldi.