Fransiýanyň we Hytaýyň astrofizikleri Ýerdäki suwuň ýaşyny kesgitlediler. Barlaglar suwuň Gün ulgamy bilen bir wagtda, ýagny, azyndan 4,5 milliard ýyl ozal peýda bolandygyny görkezdi diýip, «GeoScience World» habar berýär. Suw wodoroddan, geliýden, ugleroddan dörän bulutdan peýda bolupdyr.