Las-We­gas şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän elekt­ron en­jam­la­ryň hal­ka­ra ser­gi­sin­de (CES 2023) “So­ny” hem-de “Hon­da” kom­pa­ni­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de iş­le­nip taý­ýar­lan­ýan “Afee­la” at­ly nus­ga­lyk ulag gör­ke­zil­di. Bi­le­lik­de dö­re­di­len “So­ny Hon­da Mo­bi­li­ty” şe­re­ke­ti ta­ra­pyn­dan di­zaýn edi­len elekt­rou­la­gyň 2025-nji ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ýö­ne­keý, em­ma owa­dan ula­gyň öň ta­ra­py­nyň ae­ro­di­na­mi­ka ba­bat­da ösen­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Dört ga­py­ly ku­pe ga­ba­ra­ly ula­gyň öň ta­ra­py­ny in­siz LED çy­ra­la­ry be­ze­ýär. Çy­ra­nyň or­ta­syn­da bol­sa bren­diň ny­şa­ny­ny gör­mek bol­ýar. Iç­ki di­zaýn­da bol­sa öň ta­rap­da ýer­leş­di­ri­len ek­ran­da şol gü­nüň ho­wa mag­lu­ma­ty­ny we beý­le­ki ge­rek­li mag­lu­mat­la­ry gör­kez­ýän ek­ran ýer­leş­di­ri­lip­dir. Nus­ga­lyk ula­gyň uzyn­ly­gy 4895 mm, ini 1900 mm, be­ýik­li­gi 1460 mm bo­lup, öň­ki we ti­gir­le­ri­niň ara­sy 3000 mm. Ula­gyň iç­ki di­zaý­ny­ny “So­ny” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri di­zaýn edip­dir. Şeý­le bo­lan­soň, teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da bäs­deş­le­rin­den öň­de­di­gi­ni gör­mek bol­ýar.

Aman­ny­ýaz Gel­di­my­ra­dow, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.