Ýyldyz süýnmegi asyrlarboýy adamlarda uly gyzyklanma döredip, bu tebigy hadysa barada dürlüçe ynançlar döräpdir. Köpler ýyldyz süýnende arzuw edýän bolsa, käbir adam halamaýar. Eýsem, ýyldyz süýnmegi nähili ýagdaýda bolup geçýär? Süýnen ýyldyz nirä gidýär? Geliň, bu sowallaryň jogabyny bilelikde öwreneliň!
Süýnüp gaýdýan gyzyl ot aslynda ýyldyz däl. Bular Ýeriň atmosferasyna girýän we ýokary tizlikde hereket edýän ownuk daş ýa-da tozan bölejikleridir. Bu bölejikler atmosfera bilen çaknyşanda şeýle çalt gyzýar welin, ýalpyldap başlaýar. Bu alaw gijesine asmanda süýnüp barýan çyzyk hökmünde şekillenýär. Astronomlar bu hadysany «meteor» diýip atlandyrýarlar.
Meteorlaryň köpüsi atmosferada doly ýanýar we Ýere ýetmezden ozal ýitýär. Şeýle-de bolsa, käbir ýagdaýlarda uly meteor bölekleri Ýere baryp düşýär we «meteoroidler» diýlip atlandyrylýan gurluşa öwrülýär. Meteorid (meteor emele getirýän bölejik) atmosferanyň ýokarky gatlaklaryna ýetende howa bilen sürtülme sebäpli güýçli gyzgynlyga sezewar bolýar. Bu ýylylyk howany gysýar we meteoroidi buglandyryp, ýalpyldawuk yz döredýär. Bu hadysa halk arasynda «ýyldyz süýndi» diýilýär.
Näme üçin meteorlar dürli reňklerde şöhle saçýar?
Ýyldyz süýnende ählisi şol bir reňkde şöhle saçmaýar. Kä gyzyl, käte ýaşyl, käwagt bolsa, gök meteorlary görýäris. Munuň sebäbi kosmos giňişliginden Ýere tarap gaýyp gaýdýan daşlardaky maddalar bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, daşyň düzüminde natriý köp bolsa, «ýyldyz süýnende» sary yşyk emele gelýär. Eger-de, magniý köp bolsa, ýaşyl, kalsiý köp bolsa gögümtil-gyzyl, kislorod we azot köp bolsa-da, gyzyl reňkde şöhle saçýar. Bu reňkler meteor emele getirýän maddalaryň radiasiýa täsirine baglylykda üýtgeýär. Şol sebäpli, käbir meteor bir reňkde, käbiri bolsa üýtgäp duran reňkde şöhle saçýar.
«Meteor ýagyşlary» näme?
Ýeriň töwereginden kometa (ýanýan we kosmosda gaýyp ýören uly daş) geçende ondan bölünip aýrylan ownuk daşlar Ýere tarap gaýdýar. Bu hadysa «meteor ýagşy» diýlip atlandyrylyp, asmana seredenimizde müňlerçe çyzyk bolup ýanyp barýan şöhleleri görmek bolýar.
Ýylda bir-iki gezek gaýtalanýan bu hadysa owadanlygy we täsinligi bilen adamlarda ýatdan çykmajak duýgulary döredýär. «Meteor ýagşyny» köplenç awgust, noýabr we dekabr aýlary synlamak bolýar.