Şwesiýanyň Hökümeti doganoglanlaryň we çykanlaryň arasynda nika baglaşylmagyny gadagan edýän, şeýle hem ýurduň çäklerindäki baglaşylan şeýle nikalary ykrar etmezlik baradaky kanun taslamasyny taýýarlady. Bu barada Hökümetiň Diwanynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Bu başlangyjyň maksady “maşgala namysy” düşünjesi bilen bagly kemsitmelere, şeýle hem nika girilen wagty ýüze çykyp biljek beýleki basyşlara ýa-da mejbur etmelere garşy durmakdyr.
– Maşgala namysy bilen bagly zorluk we sütem biziň jemgyýetimizde kabul edilip bilinmez. “Hiç hili eglişiksizlik” diýmek aňsat, emma bu kanunçylykda hem öz beýanyny tapmalydyr. Aýallaryň we gyzlaryň, esasan hem ar-namys düşünjesi bilen baglanyşykly şertlerde ýaşaýanlaryň goragy jenaýat we raýat kanunçylygynda güýçlendirilmelidir. Doganoglanlaryň arasyndaky nikalaryň gadagan edilmegi her bir adamyň öz durmuşyny dolandyrmak hukugyny üpjün etmek üçin möhüm çäredir – diýip, Şwesiýanyň adalat ministri Gunnar Strömmer metbugat beýanatynda aýtdy.
Resminamanyň tekstinde bellenilişi ýaly, gyzlar we aýallar üçin “garyndaşlyk nikasy” maşgala namysy sebäpli süteme sezewar bolmak, jemgyýetden çetleşdirilmek we garyndaşlyga esaslanýan jenaýat gurluşlarynyň berkemegine sebäp bolmak ýaly töwekgelçilikleri döredip bilýär.
Hökümetiň kanun taslamasy diňe bir doganoglanlaryň däl, eýsem, beýleki ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky nikany hem gadagan etmegi göz öňünde tutýar. Şoňa görä, öweý we ogullyga-gyzlyga alnan doganlar mundan beýläk biri-biri bilen nika girmek üçin rugsat alyp bilmezler.
Täze kanunyň 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap güýje girmegine garaşylýar.