Amerikaly ýyldyz aýdymçy Teýlor Swift 12-nji studiýa albomyny çykarmakçy bolýar. 2023-2024-nji ýyllarda dünýäniň ençeme ýurdunda “Eras” atly konsertleri turuny geçiren zenan aýdymçynyň täze 12-nji albomy “The Life Of A Showgirl” diýlip atlandyrylýar. Albomyň haçan çykjakdygy häzirlikçe belli bolman, onuň jemleýji işleriň şu ýylyň ahyrynda tamamlanar. 35 ýaşyndaky aýdymçynyň ilkinji albomy 2006-njy ýylda Taylor Swift ady bilen çykypdy. Şondan soň “Fearless” (2008), “Speak Now” (2010), “Red” (2012), 1989” (2014), “Reputation” (2017), “Lover” (2019), “Folklore” (2020), “Evermore” (2020), “Midnights” (2022), “The Tortured Poets Department” (2024) albomlaryny çykaran Teýlor Swift XXI asyryň medeniýet nyşany hasaplanýar. Dünýäniň iň baý zenan aýdymçysy diýlip görkezilýän Swift 2023-nji ýylyň mart aýyndan 2024-nji ýylyň dekabr aýyna çenli dünýäniň ençeme şäherlerinde geçiren “Eras” atly konsert turundan 2 milliard dollardan köp girdeji gazanypdy. Ähli döwürleriň iň köp albomy satyn alnan aýdymçylaryň arasynda görkezilýän Swift Gremmi baýraklarynyň hem 14-siniň eýesidir.