Şä­her­ler ba­ra­da mag­lu­mat ýaý­rad­ýan «Ti­me Out» me­dia kom­pa­ni­ýa­sy sy­ýa­hat­çy­la­ryň ge­ze­lenç et­me­gi üçin iň go­wy 30 şä­he­riň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Bi­rin­ji or­ny Bra­zi­li­ýa­nyň Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­rin­dä­ki Rua-du-Se­na­do şa­ýo­ly eýe­le­di. Ta­ry­hy kö­çä­niň ug­run­da­ky dü­kan­lar we hep­dä­niň ahy­ryn­da ge­çi­ril­ýän sport çä­re­le­ri ýer­li halk bi­len bir ha­tar­da şä­he­riň myh­man­la­ry­ny hem özü­ne çek­ýär. Şu ýyl «EKS­PO 2025» hal­ka­ra ser­gi­si­niň ge­çi­ri­len ýeri bolan Ýa­po­ni­ýa­nyň Osa­ka şä­he­rin­dä­ki Orenj Strit kö­çe­si ikin­ji, Por­tu­ga­li­ýa­nyň Por­to şä­he­rin­dä­ki Rua-du-Bon­žar­dim kö­çe­si üçün­ji ýe­ri eýe­läp­dir. Sa­na­wa «Fang Gua Street» (Çen­du, Hy­taý), Şerb­ruk-strit (Monr­e­al, Ka­na­da), «Mon­ta­gue Ro­ad» (Bris­ben, Awst­ra­li­ýa), Maý­ba­hu­fer (Ber­lin, Ger­ma­ni­ýa), «Olim­piou Street» (Sa­lo­ni­ki, Gre­si­ýa), Or­çard-strit (Nýu-Ýork, ABŞ) we «Vinh Khanh Street» (Ho­şi­min, Wýet­nam) il­kin­ji on­lu­ga gi­rip­dir.

Laçyn ORAZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.