Ýer ýüzüniň ilatynyň artmagy, adamlaryň has köp syýahat etmegi netijesinde 2025-nji ýylda syýahatçylaryň sanynyň 1,5 milliarda ýetmegine garaşylýar. Munda adaty syýahatçylyk görnüşlerinden başga-da, ekosyýahatçylyk ýaly has köp isleg bildirilýän ugurlaryň hem täsiri bolar.
Mundan ozal dünýäde 2019-njy ýylda 1 milliard 464 million adam syýahat edip, rekord goýlupdy. 2023-nji ýylda 1 milliard 305 million, geçen ýyl 1 milliard 445 million adam syýahat edipdi. Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda syýahatçylaryň sany geçen ýyldakydan 3-5 göterim aralygynda artar. Bu bolsa, 1,5 milliard adamyň syýahat etjekdigini aňladýar.
Begmyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.