Ýew­ro­pa­nyň gü­neş­li ýur­dy bolan Is­pa­ni­ýa­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Şu ýy­lyň 9 aýyn­da bu ýur­da 76 mil­li­on­dan gow­rak da­şa­ry ýurt­ly ba­ryp­dyr. Sy­ýa­hat­çy­lar je­mi 106 mil­liard ýew­ro sarp edip­dir. Iň köp myh­man Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk­dan ba­ryp­dyr. Ikin­ji ýe­ri fran­suz­lar, üçün­ji or­ny ger­ma­ni­ýa­ly­lar eýe­läp­dir. Ka­ta­lo­ni­ýa, Ba­le­ar ada­la­ry we An­da­lu­si­ýa has köp sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çe­kip­dir.
Sy­ýa­hat­çy­laryň köpüsi bu ýurt­da bir hep­de ga­lyp, or­ta­ça 1 müň 380 ýew­ro sarp edip­dir­ler. Fran­si­ýa­dan we Skan­di­na­wi­ýa ýurt­la­ryn­dan bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny hem ka­da­ly ýag­daý­da ösü­şi­ni do­wam et­di­rip­dir. Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­nar­ýa­ka ýur­dy di­ňe te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri bi­len däl, dür­li me­de­ni­ýet­le­ri özün­de jem­le­ýän ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len hem köp­le­riň ün­sü­ni çek­ýär.

Rüstem HOJANEPESOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň uly hasapçysy.