Bütindünýä syýahat we syýahatçylyk geňeşiniň (WTTC) maglumatyna görä, geçen ýyl bu pudakdan alynýan girdeji rekord derejä ýetdi. Pudagyň dünýä ykdysadyýetine goşandy 10 trillion ýewro ýetip, halkara syýahat pandemiýadan ozalky döwrüň derejesinden ýokary boldy. Bu görkeziji global jemi içerki önümiň 10,3 göterimini emele getirdi. Şeýlelikde, bu pudak ozalky ýyldakydan 6,7 göterim ösdi. Maglumata görä, dünýäde üç adamdan biri syýahatçylyk ýa-da syýahat pudagynda zähmet çekýär. WTTC-niň ýolbaşçysy Gloriýa Gewara: «Eger syýahatçylyk bir ýurt bolsady, dünýäniň iň uly üçünji ykdysadyýeti bolardy» diýip belledi.
Geçen ýyl 1,5 milliarddan gowrak adam halkara syýahat etdi. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 80 million köpdür. Her gün ortaça 219 müň ýolagçy halkara syýahata çykdy. Ýewropanyň syýahatçylyk pudagynyň ykdysady goşandy 2,5 trillion ýewro ýetdi. Ispaniýa bu pudakda rekord goýup, 96,5 million daşary ýurtly myhmany kabul etdi.
Ylýas WELHANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby.
PDF









