Minskde GDA agza ýurtlaryň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň maslahaty geçirildi. Duşuşygyň netijesinde Täjigistan 2025-nji ýylda Arkalaşygyň başlyklygyny kabul etdi. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrligi mälim etdi.
Duşuşyk Täjigistanyň GDA-daky hemişelik doly ygtyýarly wekili Bahtowar Safarzodanyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Bu çärä GDA-nyň Baş sekretary, Ýerine ýetiriji komitetiň agzalary, gatnaşyjy ýurtlaryň ilçileri we daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.
Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň GDA boýunça bölüminiň başlygy Ahmad Saidmurodzoda 2025-nji ýylda Respublikanyň başlyklygynyň çäginde 113 sany çäräniň geçiriljekdigini habar berdi. Ol Russiýanyň başlyklygy döwründe toplan tejribesiniň ähmiýetini belläp, Duşanbäniň Moskwa tarapyndan hödürlenen maglumatlary göz öňünde tutjakdygyny aýtdy.
Saidmurodzoda GDA-da migrasiýa we zähmeti düzgünleşdirmek baradaky çekişmeleriň jikme-jikliklerini hem paýlaşdy. Onuň sözlerine görä, birnäçe meselede düşünişmezlikleriň bardygyna garamazdan, täjik tarapy ylalaşylan çözgütleri işläp düzmek üçin gepleşikleri işjeňleşdirmekçi.
Beýanata görä, Arkalaşygyň kanuny guramalarynyň ýakyn döwürde Täjigistanda geçiriljek mejlisleriniň mazmuny bilen baglanyşykly düýpli pikir alyşmalar geçirildi. Olaryň esasy bölegi GDA döwletleriniň baştutanlar geňeşiniň 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Duşanbe şäherinde geçiriljek maslahaty bolar.