4-nji martda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellemek bilen, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy-tehniki ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hökümetara toparynyň işiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda we iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm gural bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.
PDF









