4-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2026» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol gyzykly hem ýatdan çykmajak täsirli pursatlara beslendi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky saýlawlarda zehini, ukyp-başarnygy bilen has tapawutlanmagy başaran talyp gyzlaryň 24-si gatnaşdy.

Gözellik bäsleşiginiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda şu aşakdakylar baýrakly orunlara mynasyp boldular we degişli diplomlar gowşuryldy:
Baş baýraga – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Fizika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýjan Baýramowa.
I orna – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Güljeren Meläýewa.
II orna – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kakaýewa Aýgül Ahmedowna we Türkmen döwlet maliýe institutynyň Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merjen Töräýewa.
III orna – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Amansoltan Orazmämmedowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aýlar Muhammedowa we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Läle Gylyçdurdyýewa mynasyp boldy.