Ýokary bilimi seljeriş gullugy “Quacquarelli Symonds (QS)” talyplaryň ýaşamagy we okamagy üçin dünýäniň iň gowy 150 şäheriniň ýyllyk sanawyny neşir etdi. Sanawyň başyny Koreýa Respublikasynyň Seul şäheri çekdi. Ilkinji 20 ornuň ýarysyny Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň şäherleri eýeläp, bilermenleriň pikiriçe, bu ýagdaý sebitiň global bilime barha artýan täsiriniň görkezijisine öwrüldi.
“QS Best Student Cities” sanawyna girmek üçin şäher iki esasy kriteriýa laýyk gelmelidir: azyndan 250 müň adamlyk ilaty hem-de ýokary okuw mekdepleriniň QS global sanawynda azyndan iki uniwersitetiň bolmagy hökmanydyr. Sanaw düzülende birnäçe parametrlere baha berilýär, şol sanda: şäheriň talyplar üçin özüne çekijiligi (howpsuzlyk derejesi, hapalanmak, şäher gurşawynyň umumy hili), daşary ýurtly talyplaryň wekilçiligi, durmuş we bilim elýeterliligi, şeýle hem okuwy gutarandan soň iş mümkinçiligi. “QS Best Student Cities-2026” sanawyna laýyklykda, Seul 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende, elýeterlilik görkezijisini gowulandyrandygy sebäpli iň ýokary 100 bal gazandy. Mundan başga-da, gazanylan netijä okamak isleýän şäherleri baradaky halkara QS pikir soralyşygyna gatnaşyjylaryň sesi täsir etdi.
Ýaponiýanyň Tokio şäheri ikinji orny eýeledi (99,9 bal), talyplaryň kanagatlanmak derejesi we olaryň zähmet bazaryndaky islegi boýunça ýokary baha berildi.
Alty ýyl bäri sanawda birinji orunda barýan London 97,1 bal bilen üçünji orny eýeledi. “Talyplaryň pikiri” we “uniwersitetleriň reýtingi” ýaly ölçeglerde öňdebaryjydygyna garamazdan, Beýik Britaniýanyň paýtagty elýeterlilik boýunça gaty pes bal aldy – bary-ýogy 12,6 bal, bu onuň reýtingine ep-esli täsir etdi.
“Talyplaryň pikiri” we “şäheriň özüne çekijiligi” ýaly ähli esasy ölçeglerde güýçli netijeleri görkezen Mýunhen (96,3 bal) dördünji orna eýe boldy.
Bäşinji orunda “talyplaryň dürlüligi” görkezijisi boýunça absolýut lider bolan Melburn (95,7 bal) bar.
Sidneý elýeterliliginiň pesligine garamazdan, şäheriň özüne çekijiligi we halkara açyklygy sebäpli öz ornuny berkidip, 94,7 bal bilen altynjy orny eýeledi.
Ýedinji orny birbada iki şäher paýlaşdy: Berlin we Pariž (hersi 93,3 bal). Talyplardan iň ýokary baly Berlini aldy. Pariž bolsa, iş berijileriň arasynda akademiki abraýy üçin ýokary bal gazandy.
Dokuzynjy orny Sýurih eýeledi (91,5 bal), beýleki zatlar bilen bir hatarda ýokary durmuş derejesi we güýçli bilim ulgamy bilen tapawutlandy.
Wena 90,8 bal bilen ilkinji onluga girdi, howpsuzlyk, amatlylyk we şäher gurşawynyň umumy derejesi boýunça ýokary ballary görkezdi.
Amerikanyň hiç bir şäheri ilkinji onluga girmedi. Iň gowy netijäni 15-nji orny eýelän Boston görkezdi. Ondan soň Nýu-Ýork (23-nji orun) we San-Fransisko (41-nji orun) gelýär. Şeýle hem ilkinji 50-lige Los-Anjeles, Çikago we Waşington girdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň şäherleriniň arasynda Almaty (91-nji orun) we Bişkek (138-nji orun) bar.