Her se­bi­tiň özü­ne mah­sus ösüm­lik dün­ýä­si we miweleri bar. Kä­bir aga­jyň mi­we­si­ni gö­re­niň­de, oňa baş­ga bir ösüm­li­giň mi­we­si asy­lyp go­ýul­dy­my­ka di­ýip pi­kir ed­ýär­siň. Gö­ren­le­ri haý­ran gal­dy­rýan şeý­le mi­we­le­riň bi­ri hem ta­ma­ril­lo, ýag­ny agaç po­mi­do­ry­dyr.
Ta­ma­ril­lo bo­ýy 3 metr­den 6 met­re çen­li ýet­ýän gy­rym­sy agaç bo­lup, ösüm­lik­le­riň «So­la­naceae» maş­ga­la­sy­na de­giş­li­dir. Ata Wa­ta­ny Gü­nor­ta Ame­ri­ka ha­sap­lan­ýan bu agaç owa­dan ak-gül­gün gül­le­ri, mah­ma­la meň­zeş ýü­rek şe­kil­li ýap­rak­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 2 ýyl­dan mi­we be­rip baş­la­ýan bu aga­jyň ha­syl­ly­ly­gy 5-6 ýyl do­wam ed­ýär. Tro­pik ho­wa şert­le­rin­de ös­ýän bu agaç po­mi­do­ra meň­zeş gy­zy­lym­tyl mi­we ber­ýär. Ýu­murt­ga şe­kil­li süýn­mek mi­wä­niň ulu­ly­gy 10 san­ti­met­re çen­li ýet­ýär. Biş­me­dik po­mi­do­ra meň­zeş ta­ga­my bo­lan mi­wä­niň gyr­my­zy, sa­ry we mä­mi­şi reňk­dä­ki gör­nüş­le­ri bar. Agaç po­mi­do­ry ga­by­gy ga­ty we ga­lyň bo­lan­dy­gy se­bäp­li, ar­dy­lyp iýil­ýär. Po­mi­do­ryň­ka meň­zeş ki­çi­jik çi­git­le­ri bo­lan ta­ma­ril­lo­nyň mi­we­si okt­ýabr we no­ýabr aý­la­ryn­da ýe­tiş­ýär.
Il­ki­baş­da «to­ma­te de ar­bol» diý­lip at­lan­dy­ry­lan mi­we­li aga­ja tä­ze ze­lan­di­ýa­ly­lar «ta­ma­ril­lo» di­ýip at ber­ýär­ler. Se­bä­bi Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da ta­ma­ril­lo­nyň hä­zir­ki gör­nü­şi – gy­zyl mi­we ber­ýän gör­nü­şi dö­re­dil­ýär. 1930-njy ýyl­lar­da köp­çü­lik­le­ýin sa­tu­wy baş­la­nan bu mi­we Tä­ze Ze­lan­di­ýa, Ek­wa­dor, Ko­lum­bi­ýa, Awst­ra­li­ýa ýa­ly ýurt­lar­da köp ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Agaç po­mi­do­ry ter­li­gi­ne iýil­mek bi­len bir ha­tar­da, iş­däa­çar­la­ra, çor­ba go­şul­ýar. Şeý­le hem, bu mi­we­den şer­bet­ler taý­ýar­la­nyl­ýar we süý­jü­lik­le­re go­şul­ýar. Ta­ma­ril­lo wi­ta­min­le­re (C, A, kal­siý) baý bo­lup, ho­wa­nyň so­wuk gün­le­ri has köp iýil­ýär.