Amerikaly oýlap tapyjy Milton Reýnolds ABŞ-da şarikli ruçka patent alyp, 1943-nji ýylyň 10-njy iýunynda köpçülikleýin öndürip ugrady. Şol wagtlar Nýu-Ýorkuň bir dükanynda bir günde 10 müň sany ruçka satylypdyr. 1958-nji ýylda fransiýaly Marsel Bik şarikli ruçkany has-da kämilleşdirip, häzirki wagtda ABŞ-nyň ruçka bazarynyň üçden birine eýeçilik edýän BIK korporasiýasyny esaslandyrýar.