Aziýa yklymynyň öňdebaryjy toparlaryndan Koreýa Respublikasynyň ýygyndysynyň tälimçisi Hon Mýon Bo gutarnyk düzümi habar berdi. Toparda Hin Min Son, Li Žae Sun, Kim Min Çže ýaly tejribeli futbolçylar hem bar. Tälimçi asly germaniýaly, has takygy, nemes kakadan, koreý ejeden dünýä inen 22 ýaşyndaky Ýens Kastropy hem sanawa goşdy. Koreýleriň Dünýä Kubogyndaky iň şowly geçiren ýaryşy 2002-nji ýyldaky çempionat bolupdy. Şonda olar 4-nji ýeri eýeläpdi. Aziýanyň gaplaňlary lakamly Koreýanyň ýygyndysy soňky çempionatda 1/8 finala çykypdy we bu gezekki maksat azynda çärýek finala çenli barmak.
Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy “A” toparçada ýer eýeleri Meksikanyň, Günorta Afrikanyň hem-de Şweýsariýanyň ýygyndylary bilen özara güýç synanyşar.
DERWEZEÇILER Kim Syn Gýu (Tokio) Ço Hýon U (Ulsan Hýonde) Son Bom Gyn (Çonbuk Hýonde Motors) GORAGÇYLAR Kim Min Çže (Bawariýa) Kim Min Hwan (Tejon Hana Sitizen) Sol Ýon U (Srwena Zwezda) Ço Ýu Min (Şarjah) Li The Sok (Austria) Pak Jin Sop (Çžeszýan Profşnl) Kim The Hýon (Kaşima Antlers) Li Han Bom (Midtýullann) Li Gi Hýok (Kanwon) ÝARYMGORAGÇYLAR Li Že Son (Maýns) Hwan In Bom (Feýenoord) Li Kan In (PSŽ) Pak Syn Ho (Birmingem Siti) Kim Žin Gýu (Çonbuk Hýonde Motors) Li Don Gýon (Ulsan Hýonde) Pe Žun Ho (Stok Siti) Om Ži Son (Swansi Siti) Ýan Hýon Žun (Seltik) Ýens Kastrop (Borussiýa M) HÜJÜMÇILER Son Hyn Min (Los Anjeles FK) Hwan Hi Çhan (Wulwerhempton) Ço Gýu Son (Midtýullann) O Hýon Gýu (Beşiktaş)
PDF









