Soňky 20 ýylda dünýäde temmäki sarp edilişi takmynan 30 göterim azaldy diýip, sişenbe güni Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus habar berdi.
Baş direktoryň: “BSGG-niň Temmäkiniň sarp edilişine garşy göreşmek boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň güýje gireni bäri dünýäde temmäkiniň ulanylyşy 30 göterim azaldy” diýen sözlerini guramanyň metbugat gullugyna salgylanýan “Interfax.ru” getirýär.
Gebreýesus şeýle hem dünýäniň 140 ýurdunda temmäki önümleriniň sarp edilişiniň azalmagynyň dowam edýändigini sözüniň üstüne goşdy.
BSGG-niň Temmäkiniň sarp edilişine garşy göreşmek boýunça çarçuwaly konwensiýasyna 2003-nji ýylda gol çekildi hem-de 2005-nji ýylda güýje girdi.
Esasy Dünýä täzelikleri BSGG soňky ýigrimi ýylda dünýäde temmäki sarp edilişiniň 30 göterim azalandygyny habar...
PDF









