Kaliforniýada iki ýangyn tutaşdy, adamlar göçürilýär

1

Los-Anjelesden demirgazyk-günbatarda, Simi-Welli şäheriniň eteklerinde dörän tokaý ýangyny 5,5 inedördül kilometri eýeledi. Kaliforniýa ştatynyň ýangyn gullugynyň maglumatlaryna salgylanýan «Azertaj» gullugynyň habaryna görä, Kaliforniýanyň kenarýakasyndaky Santa-Roza adasynda dörän ikinji ýangyn bolsa häzir 59 inedördül kilometr meýdany tutdy.
Oduň çalt ýaýramagyna tizligi sagatda 48 kilometre ýetýän güýçli şemal täsir etdi. Ýangyny söndürmek üçin dikuçarlar ulanylýar. Käbir etraplardan 29 müň töweregi adam howpsuz ýere göçürildi diýip, «Nieuws blad» ýazýar.
Meteorologik gulluk sebitde oduň ýaýramagyny has-da çaltlandyryp biljek Santa-Ana diýilýän şemallaryň boljakdygyny çaklaýar.