Hy­ta­ýyň Hu­nan we­la­ýa­tyn­da­ky Çžanszýasze mil­li to­kaý se­ýil­gä­hin­de ýer­leş­ýän Bai­long (až­dar­ha lif­ti) dün­ýä­dä­ki iň be­ýik iki gat­ly açyk lift ha­sap­lan­ýar. Gur­lu­şy­gyna 1999-njy ýyl­da baş­la­nan tä­sin in­že­ner­çi­lik des­ga­sy 2002-nji ýyl­da açyl­ýar. Lif­tiň be­ýik­li­gi 326 metr bo­lup, örän berk ga­ýa­la­ryň ara­syn­da aja­ýyp gör­nü­şi eme­le ge­tir­ýär. Bu des­ga­nyň gur­lu­şy­gyn­da, esa­san, me­tal gur­luş­lar, po­lat ur­gan hem-de aý­na ula­nyl­ýar. Lif­te ge­rek bo­lan en­jam­lar «Rang­ger Lift» ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan tas­la­nyl­ýar we ön­dü­ril­ýär.
Bai­long lif­tin­de daş-tö­we­re­giň te­bi­ga­ty­ny we tä­sin­lik­le­ri­ni syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän üç sa­ny lift ugur­daş he­re­ket ed­ýär. Iki gat­ly lift­le­riň ýük gö­te­ri­ji­li­gi 4 müň 900 ki­log­ram bo­lup, her­si bir­ba­da 50 ýo­lag­çy­ny gat­na­dyp bil­ýär. Adat­ça bu be­ýik­li­ge er­kin ýag­daý­da çyk­mak üçin 68 mi­nut ge­rek bol­ýar, em­ma lift 32 se­kunt­da sy­ýa­hat­çy­la­ry bar­ma­ly ýe­ri­ne elt­ýär. Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Bai­long lif­ti bir­nä­çe kyn­çy­ly­gy ara­dan aý­ryp, ja­han­keş­de­le­re amat­ly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Şeý­le hem dag­da gur­lan bu in­že­ner­çi­lik des­ga­sy daş­ky gur­şa­wyň go­ra­lyp sak­lan­ma­gy üçin hem mö­hüm­dir. ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len Bai­long 2015-nji ýyl­da Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by ta­ra­pyn­dan dün­ýä­niň iň be­ýik açyk lif­ti hök­mün­de yk­rar edil­ýär.