Çžanszýasze milli seýilgähine ilkinji gezek barýan her bir syýahatçy dag gerişlerinden ýasalan sungata meňzeýän Hytaýyň bu tebigy gözelligini görüp haýran galýar. Çžanszýasze Hytaýyň günorta-günbatarynda, Hunan welaýatynyň Wulinýuan goraghanasynyň çäginde ýerleşýän milli seýilgäh bolup, Wulingshan daglyk ulgamyna degişlidir. 48,15 gektar meýdana barabar bolan Çžanszýasze 1982-nji ýylda milli seýilgäh hökmünde ykrar edilýär. 1992-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen seýilgähiň uzak ýyllaryň dowamynda ýagşyň köp ýagmagy, howanyň we çyglylygyň üýtgemegi bilen emele gelendigi çaklanylýar.
Kwarsdan we daşlardan emele gelen beýik we dik gaýalar ösümlik bitýändigi bilen tapawutlanýar. Seýilgähde iň owadan gaýanyň beýikligi 1080 metre barabar bolup, hytaýlylar bu gaýany «Awatar-Hallelujah dagy» diýip atlandyrýarlar. «Awatar dagy» hem diýilýän bu gaýa dyrmaşyp çykyp bolmaýar. Seýilgähde 3 müňden gowrak gaýa bolup, olaryň üçden biri 200 metrden beýikdir. Seýilgähiň iň beýik nokady 1890 metre barabar bolan Doupeng dagy hasaplanýar. 2011-nji ýylda Týanmen dagynda «batyr» syýahatçylar üçin gaýanyň daşyndan aýlanyp geçilýän, uzynlygy 100 metr, ini 1,5 metr bolan täsirli pyýada ýoly guruldy. Aýna bilen örtülen 1400 metr belentlikdäki bu ýol dünýädäki iň bir ünsi çekiji we daşyndan seredeniňde howply görünýän ýerleriň biridir. Seýilgähiň iň owadan ýerleriniň biri hökmünde asman köprini (Zhangjiajie Grand Canyon) görkezmek bolar. 2016-njy ýylda açylan bu köpri dünýädäki iň uzyn we iň beýik pyýada aýna köpri hasaplanýar. Ýerden 357 metr belentlikdäki «1-nji tebigy köpri» hem diýilýän «Grand Canyon»-yň ini 4 metre, uzynlygy 50 metre barabar bolup, iki gaýanyň depesini birleşdirýär. Gaýanyň depesine çalt barmak üçin gurlan «100 aždarha lifti» (Bailong Lift) hem görenleri haýrana goýýar. Syýahatçylar aýna kapsulaly açyk lift bilen 330 metr belentlikdäki dik gaýa çykyp, seýilgähiň täsin gurluşyny we özboluşly tebigatyny synlamaga mümkinçilik alýarlar. Syýahatçylarda ýatdan çykmajak duýgulary döredýän «100 aždarha lifti» daglyk ulgamda gurlan dünýädäki iň beýik açyk lift hasaplanýar. Bulardan başga-da, seýilgähiň düzüminde birnäçe gowak, emeli Baofeng köli bar.
Milli seýilgähde 3 müňe golaý seýrek ösümlik ösýär. Dünýäde seýrek duş gelýän kepderi agajyny, gingko we gyzyl agajyny bu ýerde görmek bolýar. Sebitiň haýwanat dünýäsi hem köp görnüşli bolup, bu ýerde 500-den gowrak janly-jandar ýaşaýar. Olaryň arasynda maýmynyň käbir seýrek duş gelýän görnüşi, salamanderler hem bar.
Seýilgähden uzak bolmadyk ýerde Wulinýuan atly kiçijik şäher ýerleşýär. Çžanszýasze milli seýilgähine gelen syýahatçylaryň aglaba bölegi bu şäheriň myhmany bolýarlar. Syýahatçylar üçin ähli zerurlyklar göz öňünde tutulan bu şäherçede myhmanhanadyr restoranlaryň birnäçesi bar.