“Tata Motors” kompaniýasy “Tiago EV” atly arzan bahaly elektroulagyny satuwa çykardy. Häzirlikçe öz watany Hindistanda müşderilere ýetirilen ulag bir gezekki zarýady bilen 315 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Bu ulag kompaniýanyň adaty ýangyçly ulagynyň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşidir. Şol sebäpli ulagyň daşky şekili hem adybir (“Tiago”) modeline meňzeş. Ululygy 3769 mm, ini 1677 mm, beýikligi 1536 mm bolan ulagyň bagažynyň göwrümi 240 litre barabar. Elektroulagyň batareýa babatda iki görnüşlisi bar. Ulagyň batareýasy kiçi görnüşlisiniň kuwwaty 19 kW/sagat bolup, bir gezekki zarýady bilen 250 kilometr ýol geçýär. Bu ulagyň kuwwaty 60 at güýjüne barabar bolup, 0-60 km/sagat tizlige 6,2 sekuntda ýetýär. Kuwwaty 24 kW/sagat bolan batareýaly görnüşi bolsa, bir gezekki zarýady bilen 315 kilometr ýol geçýär. Bu ulagyň kuwwaty 74 at güýjüne barabar bolup, 0-60 km/sagat tizlige 5,7 sekuntda ýetýär.
Ulagyň batareýasyny adaty zarýad beriş usulynda 6,4 sagatda doly zarýad alýar, çaltlaşdyrylan usulda bolsa, 57 minutda 80 göterime çenli dolýar.
Perman Kakaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby